Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Ýeňiş» tikin fabriginde 2024-nji ýylyň geçen ýarym ýylynda dürli görnüşli köýnekleriň 180 müň 360-sy tikildi. Bu görkeziji meýilnamanyň 105 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, fabrikde zähmet çekýän hünärmenler ýylyň-ýylyna täze biçüwli, dürli ölçegdäki köýnekleriň sanyny yzygiderli artdyrýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde çagalaryň dürli görnüşli geýimleri hem tikilýär.
Fabrikde 400-den gowrak adam zähmet çekip, olaryň 60 göterimi ýaşlardyr. Bu ýerde buýurmalar esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler üçin harby geýimler-de tikilýär.
«Türkmenbaşy dokma toplumy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden, Kaka, Ruhabat dokma toplumlaryndan getirilen dürli görnüşli matalar tomusky köýnekleriň önümçiliginde giňden peýdalanyldy diýlip, habarda bellenilýär.
Mary şäherinde ýerleşýän fabrigiň durky 1992-nji ýylda täzelenilýär. Häzirki wagtda onuň Aşgabatda, Türkmenabatda, Arkadag şäherinde dükanlary hereket edýär.