Top.Mail.Ru

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Lebap welaýatynda okuw maslahaty geçirildi

10:3003.07.2024
0
4440

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminde okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmäge we olaryň töwekgelçiligini azaltmaga bagyşlandy. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, oňa welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, orta mekdepleriň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlara çagalaryň zerurlyklaryny, gender meselelerini we durmuş ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak arkaly taýýarlyk görmek babatynda usuly tejribeler alşyldy, täsirli çykyşlar diňlenildi.

Çykyş eden wekiller dürli ýagdaýlarda raýatlara lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň düzgünlerini düşündirdiler. Şeýle hem dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýol-ulag hadysalarynda ejir çekene kömek bermek boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň