Duşenbede Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy maslahatlaşyldy, Gazagystan Aşgabatda geçiriljek saglygy goraýyş, bilim we sport forumyna gatnaşar we beýleki habarlar

11:0011.08.2023
0
34789

Türkmenistan

1. Täjigistanyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi. Maslahatlaryň esasy maksady — ýakyn wagtda Duşenbede geçiriljek Konsultatiw duşuşygyň çäginde Täjigistan tarapyndan meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görmek meselesi bilen bagly boldy. Geňeşmeleriň dowamynda gün tertibiniň taslamasy, Bilelikdäki Beýannama we ýetip gelýän Duşanbe sammitinden soň kabul edilmegi meýilleşdirilýän beýleki resminamalar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

2. Gazagystanyň wekiliýeti 10 — 12-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek saglyk, bilim we sport boýunça halkara foruma gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejebowa «Bolaşak» halkara maksatnamalar merkeziniň müdiriýetiniň başlygy Olžas Sakenow habar berdi.

3. Özbegistan öz gämileri bilen Hazarüsti ugur boýunça ýük daşamalarynyň möçberiniň artmagyna goşant goşmak maksady bilen, Hazar deňzinde öz flotuny döretmek isleýär. “Häzirki wagtda biz Baku portunda öz terminalymyzyň gurluşygynyň üstünde işleýäris. Mundan başga-da, Türkmenistan we Gazagystan bilen ýük daşamak meselesinde baglaşylan şertnamalar gün tertibi duran ähli meseleleri çalt çözmäge mümkinçilik berer» diýip, Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Ulag we logistikanyň ösüşiniň öwrenmek boýunça merkeziniň müdiri Bekzod Holmatow belleýär.

4. Türkmenistanyň ykdysadyýetçiler birleşmesi Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Döwlet maksatnamasyna dalaşgärleriň kabul edilýändigini yglan etdi. Maksatnama gatnaşyjylar Türkmenistanyň öňdebaryjy hususy kompaniýalarynda iki aýlyk tejribe geçip bilerler. Oňa gatnaşmaga bolsa ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 3- 4-nji ýyl talyplary hem-de hünär bilim edaralarynyň talyplary, şeýle hem 25 ýaşdan uly bolmadyk ýokary okuw mekdepleriň uçurymlary çagyrylýar.

Dünýäde

5. Halkara alymlar topary barlag işlerini geçirip, ölüm howpuny azaltmak üçin her gün ortaça näçe ädim ätmelidigini anyklady. 220 000-den gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen 17 gözleg işiniň netijesinde, günde azyndan 3967 ädimiň islendik sebäpden ölüm ähtimallygyny azaldyp biljekdigi, 2337 ädim ätmegiň bolsa ýürek keselleriniň töwekgelçiligini azaldýandygy anyklanyldy. Bu ýaşyna ýa-da ýaşaýan ýerine garamazdan, erkeklere we aýallara degişlidir.

6. Täze Zelandiýada geçen asyryň 60-njy ýyllarynda düýbünden diýen ýaly ýitip giden kakapo totyguşlary ýüze çykyp başlady. Uçmaýan kakapolar ýewropalylar tarapyndan adalara getirilen dag alakalaryň we pişikleriň agdyklyk etmegi sebäpli tebigy ýaşaýyş ýerlerini üýtgedipdirler. Tebigaty goramak bölüminiň hünärmenleri dört sany erkek kakapony Demirgazyk adadaky goraghana goýberdiler. Olary goralýan ýere ýerleşdirdiler, bu ýeri ozaldan bu jandarlara howp salýan ýyrtyjylardan hem arassaladylar. Alymlaryň maksady Täze Zelandiýa materiginde kakapony tebigy gurşawynda gaýtadan janlandyrmak we gorap saklamakdyr.

Sport täzelikleri

7. «Merw» futbol topary AFK-nyň kubogy—2023/24-iň deslapky tapgyrynyň öňüsyrasynda 2023/2024 möwsüminiň topar bolup düşülen suratyny görkezdi. Surat Mary şäherindäki 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenilen «Sport toplumy» stadionynda düşürildi. Onda oýunçylar, tälimçiler topary we klubuň ýolbaşçylary bar. Belläp geçsek, häzirki wagtda Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi bolan «Merw» Aziýanyň iň möhüm klublaýyn kubogy ugrunda ikinji gezek synanyşar.

8. Minsk şäherinde uly göwrümli sport forumynyň — GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň çäklerindäki 3x3 basketbol ýaryşy badalga alýar. Esasy kubokda 8 sany erkekler topar — Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan ýurtlarynyň hersinden bir, şeýle hem bäsleşigiň ýer eýelerinden — Belarus we Belarus-1 toparlary bäsleşerler. Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Toýly Baýryýewiň ýolbaşçylygynda şu düzüm bilen gatnaşar: Döwlet Narmyradow, Maksat Hojaberdiýew, Kirill Beş we Rejepgeldi Annamuhammedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň