Özbegistan Hazar deňzinde öz gämileriniň bolmagyny isleýär. Bu babatda ol Türkmenistan hem-de Gazagystan bilen ýük daşamak boýunça baglaşylan şertnamalara bil baglaýar diýip, «Report.az» habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistan öz gämileri bilen Hazarüsti ugur boýunça ýük daşamalarynyň möçberiniň artmagyna goşant goşmak isleýär. Bu babatda çeşme Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Ulag we logistikanyň ösüşiniň öwrenmek boýunça merkeziniň müdiri Bekzod Holmatowa salgylanýar.
Holmatow Özbegistanyň Azerbaýjan bilen bilelikde gämi gurluşyk taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
«Ýurdumyz Hazar deňzinde öz flotuny döretmäge gyzyklanýar. Öz flotynyň bolmagy deňze göni çykyp bilmeýän ýurt hökmünde Özbegistan üçin möhüm ähmiýete eýe» diýip, hünärmen belleýär. Onuň aýtmagyna görä, Daşkent bu meselede beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga taýyn.
«Indi bu başlangyç üçin özboluşly esas bolan Baku portunda öz terminalymyzyň gurluşygynyň üstünde işleýäris. Mundan başga-da, Türkmenistan we Gazagystan bilen ýük daşamak meselesinde baglaşylan şertnamalar gün tertibi duran ähli meseleleri çalt çözmäge mümkinçilik berer» diýip, Holmatow nygtady.
Ýeri gelende bellesek, Özbegistan dünýäde «double locked countries» derejesine degişli ýurtlaryň biri hasaplanýar. Bu dünýä ummanyna çykmak üçin azyndan iki döwlet serhedinden geçmelidigini aňladýar.