«Merw» AFK-nyň kubogy—2023/24-de täze möwsümiň öňüsyrasynda toparyň suratyny görkezdi

10:2910.08.2023
0
22562

«Merw» futbol topary AFK-nyň kubogy—2023/24-iň deslapky tapgyrynyň öňüsyrasynda 2023/2024 möwsüminiň topar bolup düşülen suratyny görkezdi. Mälim bolşy ýaly, AFK-nyň kubogynda topar Gyrgyzystanyň «Alaý» topary bilen duşuşar.

Surat Mary şäherindäki 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenilen «Sport toplumy» stadionynda düşürildi. Onda oýunçylar, tälimçiler topary we klubuň ýolbaşçylary bar.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi bolan «Merw» Aziýanyň iň möhüm klublaýyn kubogy ugrunda ikinji gezek synanyşar.

Oýun 15-nji awgustda Maryda geçiriler. «Merw» — «Alaý» oýnunyň ýeňijisi 22-nji awgustda AFK-nyň kubogy—2023/24-iň saýlama tapgyrynda Täjigistanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi «Hujand» bilen duşuşar.

AFK-nyň kubogynyň deslapky tapgyry we saýlama oýunlary bir oýundan ybarat bolar.

Deslapky tapgyrda we saýlama oýunlarda üstünlik gazanan halatynda «Merw» ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda «Altyn Asyr» ( Türkmenistan), «Rawşan» (Täjigistan) we «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) toparlary bilen birlikde Merkezi zolakda oýnamaga hukuk gazanar.

Merkezi zolakda geçiriljek AFK-nyň kubogy—2023/24-iň toparçalaýyn tapgyry 20-nji sentýabrda başlar we 14-nji dekabrda tamamlanar. Ýaryşyň indiki tapgyryna diňe toparçanyň ýeňijisi çykar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň