Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda gar arassalamak üçin 200-e golaý ýörite tehnika işe girizildi, Russiýa bilim almaga gelýän Türkmenistanyň raýatlary üçin orunlaryň sanyny öňki derejesinde saklady we beýleki habarlar

11:0712.01.2023
0
57281

1. Aşgabat şäher jemagat hojalygy müdirligi Türkmenistanda güýçli gar ýagan pursatlary ýokary depginde işledi. Ýollary arassalamak üçin 200-e golaý ýörite tehnika işe girizildi.

2. Russiýa öňümizdäki okuw ýylynda Türkmenistanyň raýatlary üçin orta hünär we ýokary bilim edaralarynda 250 sany býujete esaslanýan orun bölüp berdi. Taýýarlygyň kukmançylyk we döredijilik ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Şu ýylda ilkinji gezek RF-niň Ulag ministrliginiň ugurlarynyň hünärleri boýunça täze ugurlar goşuldy. Türkmen talyplarynyň bölünip berlen sanaw esasynda bilim almagynyň Russiýa Federasiýasynyň býujetiniň hasabyna amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Arzalar education-in-russia.com portalynda kabul edilýär. Kabul edişlik 2023-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli dowam eder.

3. Aşgabat şäher häkimligi paýtagtyň ýaşaýjylaryna ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň hyzmatlarynyň töleglerini internet arkaly tölemäge mümkinçilik berjek sanly hyzmatlaryň portalyny işe girizdi. e.ashgabat.gov.tm salgysy boýunça hyzmat edýän portal suw, zibil, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlary üçin tölegleri onlaýn usulda tölemek ýeňilligini döredýär. Munuň üçin internet elýeterliligi bolan enjamyň we bank kartynyň bolmagy ýeterlikdir.

4. Türkmenistanyň paýtagtynda Uly Moskwa döwlet sirkiniň sapary tamamlandy. Sahna ussatlary 30-dan gowrak çykyş görkezdiler, olara türkmen paýtagtynyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary tomaşa etdiler. Moskwa sirki Türkmenistana akrobatlaryň, masgarabazlaryň, žonglýorlaryň we baş öwredilen haýwanlaryň gatnaşmaklarynda iň gowy çykyşlary getirdi. Şeýle-de russiýaly artistleriň maksatnamasyna Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary hem girizildi.

5. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky «Goýum» depozit karty hem-de «Altyn Asyr» ulgamyna degişli bank kartlary arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegler üçin 2% möçberdäki giňeldilen sylag (keşbek) hyzmatynyň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berýär. Bank müşderilerine töleg terminallary arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende, 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli her aýda 2% möçberli sylagyň kartyň hasabyna geçiriljekdigini mälim edýär.

6. Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynda nebiti gaýtadan işlemegiň möçberlerini 90%-den hem ýokary görkezijä çenli artdyrmaga mümkinçilik berjek täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

7. Türkiýäniň iň meşhur aýdymçylarynyň biri bolan Mustafa Sandal 53 ýaşyny belledi. Mustafa Sandal 1970-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Stambulda doguldy. Ol professional karýerasyna 1994-nji ýylda başlady. Aýdymçylyk wezipesi bilen bir hatarda ol uly bolmadyk «Mustafa Sandal production» atly hususy studiýasynda aranžirleme işi bilen meşgullanýar. Mustafa Sandal – Aşgabadyň ýygy-ýygyndan gelýän myhmany. 2022-nji ýylyň dekabrynda türk aýdymçy Türkmenistanyň paýtagtynda konsert berdi we özüniň iň meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

8. Peru döwletindäki And daglarynda ekstremal dynç alşyň we haýran galdyryjy görnüşleriň muşdaklary üçin örän täsin ýer bar – «Skylodge» myhmanhanasy, onuň otaglary 400 metre golaý dag eňňitlerinde berkidilen aýna kapsulalardan ybaratdyr. Kapsulalara ýetmek üçin dik merdiwanlary we polat tanaplary öz içine alýan kyn ýoly geçmek gerekdir. Gaýadaky myhmanhana 2013-nji ýylda açyldy. Şeýle kapsulada bir gijäniň bahasy 450 dollardyr.

9. Tennis boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 14 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Aziýanyň çempionatynyň saýlama tapgyrynda çykyş etmegini dowam edýär. Ýaryş Aziýanyň sekiz ýurdundan iň güýçli ýaş tennisçileriň gatnaşmaklarynda Bahreýnde geçirilýär. Türkmenistana Imran Ahundow we Selim Çagylow, şeýle hem Natalýa Martynowa we Ilima Guseýnowa wekilçilik edýärler. Tennisçiler tälimçi Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda çykyş edýärler. Bäsleşikler Bahreýn Federasiýasynyň stadionlarynda geçirilýär.

10. 1976-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Formula-1 ýaryşlaryna zenanlar gatnaşarlar. 2023-nji ýylda «F1 Akademiýasyny» – zenanlar üçin ýaryş tapgyrlaryny we türgenleşik maksatnamasyny açmak meýilleşdirilýär. Ýylyň dowamynda 21 ýaryş geçiriler, olara karting ýaryşlaryndan hem-de höwesjeňleriň arasyndaky ýaryşlardan 15 sany zenan sürüji gatnaşar. Ilkibaşda olar «Formula-4» ulaglarynda ýaryşarlar, soňra bolsa ýuwaş-ýuwaşdan «Formula-3», «Formula-2» we «Formula-1» ulaglaryna geçerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň