Moskwanyň uly döwlet sirkiniň Aşgabatdaky döredijilik sapary tamamlandy

16:5011.01.2023
0
62647

Moskwanyň uly döwlet sirkiniň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdaky döredijilik sapary tamamlandy. Sirk sungatynyň ussatlary türkmen paýtagtynyň köp sanly ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin 30-dan gowrak çykyş görkezdiler.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň wekilleriniň belleýşi ýaly, rus artistleriniň ýerine ýetiren çykyşlary üstünlikli geçdi.

Howa gimnastikasy boýunça türgenler Witaliý we Darýa Zaýesler tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy.

Moskwa sirkiniň akrobatlaryň, masgarabazlaryň, jigitleriň we tälim berlen haýwanlaryň gatnaşmagynda Türkmenistana iň gowy çykyşlaryny getirendigini bellemelidiris.

Moskwaly artistleriň çykyşyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleri hem goşulyşdylar.

Şeýle-de:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň