Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň okuw jaýlarynda türkmen talyplary üçin ýerleriň sany öňküligine galdyryldy

14:0911.01.2023
0
55744

Russiýanyň hökümeti Türkmenistanyň raýatlary üçin geljek okuw ýylynda orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän ýerleriň sanyny kesgitledi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýtsewanyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berdi.

Habar berilmegine görä, bu ýyl türkmen talyplary üçin 250 ýer göz öňünde tutuldy we bu geçen okuw ýylyndaky görkeziji bilen deňdir.

«Türkmenistana Russiýa Federasiýasynyň ýokary bilim edaralarynda orta hünär biliminiň, ýokary bilimiň we goşmaça hünär biliminiň meýilnamalarynda 250 orun möçberinde ýer bölünip berildi» diýip, Zaýtsewa belledi. Şeýle hem ol ýerler kesgitlenilende lukmançylyk we döredijilik ugurlaryna aýratyn üns berilýändigini, şu ýyl ilkinji gezek Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň üsti bilen täze hünärleriň goşulandygyny aýtdy.

Kesgitlenilen möçberdäki türkmen talyplarynyň bilim almagy Russiýa Federasiýasynyň býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň