Soňky habarlar

Arhiw

Ahalyň täze edara ediş merkezi Arkadag diýlip atlandyryldy, Türkmenistana «Komatsu» kysymly ýapon ekskawatorlary gelip gowuşdy, Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli 500-den gowrak arça oturdyldy

10:4322.12.2022
0
43123

1. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi Arkadag şäheri diýlip atlandyryldy. Bu çözgüt barada Türkmenistanyň Hökümetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa habar berdi. Şeýle hem ol bu çözgüt kabul edilende ähli welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň teklipleriniň göz öňünde tutulandygyny nygtady.

2. Türkmenistana «Komatsu» kysymly täze ekskawatorlar getirildi. Ekskawatorlaryň gelip gowuşmagy Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasynda ýer gazyjy tehnikalary satmak we satyn almak boýunça Baş şertnama laýyklykda amala aşyryldy. «Komatsu» ekskawatorlarynyň kuwwaty 168 at güýjüne deňdir, öndürijiligi bolsa sagatda, ortaça, 109 kub metrdir.

3. Türkmenistanyň paýtagty Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bezeldi. Aşgabatda 500-den gowrak arça peýda boldy. Yşykly gurnamalar we girlýanda çyrajyklary Täze ýylyň ruhuny döredýärler – her bir arçanyň we dürli reňkli çyralar bilen bezelen arkanyň aşagynda geljek ýylyň nyşanlary bolan Aýazbaba we towşanlar ýerleşdirilipdir.

4. 26-27-nji dekabr aralygynda Sankt-Peterburgda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew habar berdi. Onuň bellemegine görä, GDA ýurtlarynyň liderleriniň resmi däl duşuşygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça geçiriler.

5. Türkmenistanyň «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy 2004-nji ýyldan bäri halky mobil aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün edip gelýär. Kompaniýanyň tutuş ýurt boýunça 4 müňden gowrak iberiş we kabul ediş bekedi bar. «Altyn asyr» Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary girizmek arkaly ilata döwrebap hyzmatlary ýetirmegiň üstünde işleýär.

6. Aziýa Ösüş Banky Türkmenistanyň iki sany täjirçilik bankynda – «Rysgal» we «Senagat» banklarynda Halkara maliýe hasabatlylygy standartlarynyň 9 maliýe guralyny ulanmak boýunça tehniki kömegiň tamamlanandygy barada hasabat berdi.

7. Türkmenistanyň kitap diwarlygy 14-16-njy dekabr aralygynda Täjigistanda geçirilen «Duşanbe kitaby – 2022» atly Onunjy halkara sergä gatnaşdy. Milli usulda bezelen Türkmenistan hakyndaky kitaplar ýerleşdirilen diwarlyk Täjigistandaky Türkmen ilçihanasy tarapyndan gurnaldy. Diwarlyk myhmanlary Türkmenistanyň gazananlary barada gürrüň berýän neşirler bilen tanyşdyrdy.

8. Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň howandarlygynda eýýäm bäşinji ýyl bäri durmuşa geçirilýän «Nol derejeli zyňyndylar» taslamasy BMG derejesinde goldaw aldy. Mundan beýläk 30-njy mart: «Halkara nol derejeli zyňyndylar güni» diýlip yglan edildi. Türkiýäniň ekologiýa başlangyjynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň hormatyna 23-nji dekabrda Stambulda Emine Erdoganyň ýolbaşçylygynda «Nol derejeli zyňyndylar sammiti» geçiriler.

9. Amerikaly repçi Snup Dogg Ilon Maskyň ornuna «Twitter-iň» başlygy wezipesine dalaşgärligini yglan etdi. Ondan öň Ilon Mask «Twitter» ulanyjylarynyň arasynda özüniň dünýäde iň meşhur sosial ulgamlaryň biriniň başlygy bolup galmalymy ýa galmaly däldigi barada ses berişlik geçirdi. Ses berişligiň netijesi onuň üçin oňaýsyz boldy – ses beren ulanyjylaryň 57,5%-i «Twitter-iň» başlygy wezipesinden aýrylmalydygy hakynda ses berdi.

10. AFK klub ýaryşlaryna türkmen klublarynyň hataryndan gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlenildi. «Ahal», «Altyn asyr» we «Merw» indiki möwsüm, ygtyýarnama amallary üstünlikli tamamlanandan soň Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň howandarlygynda geçirilýän klub ýaryşlaryna gatnaşarlar. «Ahal» futbol kluby ýurduň çempiony hökmünde 2023/2024 möwsüminiň AFK Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşar. Wise-çempion «Altyn asyr» we bürünç medalyň eýesi «Merw» AFK Kubogynda Türkmenistana wekilçilik eder.

11. Katarda geçirilen Dünýä çempionatynda 172 gol geçirildi, şolaryň hataryndan FIFA iň gowy goluň awtory diýen ugurda 10 dalaşgäri saýlady. Dalaşgärleriň sanawyna Saud Arabystanyndan Salem Al-Dosari, Braziliýadan Rişarlison, Argentinadan Enso Fernandes, fransuz Kilian Mbappe, braziliýaly hüjümçi Neýmar we beýlekiler girdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň