Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy ilata häzirki zaman hyzmatlaryny hödürlemek boýunça taslamalaryň üstünde işleýär

13:1221.12.2022
0
68413

Öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy «Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2004-nji ýyldan bäri ilata ykjam aragatnaşyk we internet hyzmatlaryny hödürleýär.

Kompaniýanyň tutuş ýurt boýunça 4000-den gowrak geçiriji we kabul ediş stansiýasy bar.

ÝGPJ-i ýurduň öýjükli aragatnaşyk ulgamyna innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly ilata döwrebap, ýokary derejeli hyzmatlary etmek ugrunda işleýär.

Bu ugurda täze taslamalara başlandy. Häzirki wagta çenli öýjükli aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we täze hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça dünýäniň iň uly kompaniýalary bilen şertnamalar baglaşyldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habaryna görä, häzirki wagtda ýurda täze döwrebap enjamlar getirildi. Hünärmenler tarapyndan Türkmenistanyň ähli ýerinde olary gurnamak we sazlamak işleri amala aşyrylýar.

«Altyn Asyr» ÝGPJ-i sebit merkezlerinde we oba ýerlerinde ýokary tizlikli internet hyzmatlaryny guramak üçin ähli tagallalary edýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, bu çäreler durmuşa geçirilende öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň tehniki we maglumat binýady doly kämilleşdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň