Top.Mail.Ru

Ahal welaýatynyň täze merkezi «Arkadag şäheri» diýlip atlandyryldy

22:0721.12.2022
0
50311

Ýurduň raýatlarynyň, şol sanda Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlaryny, jemgyýetçilik birleşikleriniň haýyşnamalaryny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda» karary kabul edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Kararda:

  • Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine etrap hukukly şäher derejesini bermelidigi;
  • Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine «Arkadag» adyny dakmalydygy hem-de mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmalydygy;
  • Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini Arkadag şäherine geçirmelidigi;
  • Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýerlerini Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmelidigi;
  • Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasyny Arkadag şäheriniň çägine goşulandygy sebäpli, dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykarmalydygy;
  • Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşligini ýatyrmalydygy;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmelidigi;
  • Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmelidigi bellenilýär.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň