Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmiň görkezilişi boldy

10:4726.12.2024
0
12634
Özbegistanda «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmiň görkezilişi boldy
Surat: atavatan-turkmenistan.com

Özbegistanyň Milli kino köşgünde «Magtymguly Pyragy» atly bilelikdäki çeper film özbek kinosöýüjileriniň dykgatyna ýetirildi. Ozal habar berşimiz ýaly, film Aşgabatda geçirilen «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň çäginde ilkinji gezek görkezilipdi.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, 2024-nji ýylyň dowamynda türkmen kinematograflary Türkiýede, Özbegistanda, Azerbaýjanda, Hindistanda, Eýranda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda bolup, Magtymgula bagyşlanan filmler tapgyryny taýýarladylar.

Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň we Özbegistanyň Milli kinematografiýany ösdürmek boýunça merkeziniň goldaw bermeginde surata düşürilen filmiň esasy aýratynlygy bolsa onda şahyryň durmuşyna degişli täze maglumatlaryň beýan edilýänligidir.

«Çeper filmiň taryhy ugra degişlidigi sebäpli, biz artistleriň uly topary, kinoçylaryň köp sanlysy bilen iş alyp barmaly bolduk. Muňa garamazdan, gysga wagtda ägirt uly iş edildi. «Magtymguly Pyragy» filmi iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyny şöhratlandyrýandygy üçin aýratyn ähmiýete eýedir» diýip, filmiň baş režissýory Muzaffarhon Erkinow aýdýar.

Täze filme tomaşa etmek üçin Özbegistanyň Milli kino köşgüne uly mähelle ýygnandy. Kinoda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, hususan-da, Özbegistanda bilim alan döwri bilen bagly wakalar janlandyrylýar. Şahyr ýaşlygynda Hywadaky meşhur Şirgazy medresesinde bilim alyp, Alyşir Nowaýy ýaly söz ussatlaryny öz halypasy hasaplapdyr.

Filmde Magtymgulynyň keşbini ýaş türkmen artisti Ahmet Amandurdyýew, Döwletmämmet Azadynyň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň