26-27-nji dekabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler

11:2021.12.2022
0
24550
26-27-nji dekabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler
Surat: ria.ru

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti 26-27-nji dekabr aralygynda Sankt-Peterburgda geçiriler. Muny sişenbe güni GDA-nyň Hemişelik Wekiller geňeşiniň Minskde geçirilen nobatdaky mejlisinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew metbugata mälim etdi.

S.Lebedew GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň soňky gezek duşuşyp, pikir alşanlaryna köp wagt hem geçmändigini, eýýäm geljek hepde bolsa Sankt-Peterburgda olaryň resmi däl duşuşygynyň guraljakdygyny belledi. S.Lebedewiň aýtmagyna görä, bu ýokary derejeli duşuşyk Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça 26-27-nji dekabr aralygynda geçiriler. Şeýle hem GDA-nyň ýerine Ýetiriji sekretary bu sammitiň GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň