2. Gökdepe etrabynyň çäginde Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren ýörite çäreleriniň dowamynda ele geçirilen neşe serişdelerini we bikanun temmäki önümlerini ýok etmek çäresi geçirildi. Ele geçirilen neşe serişdeleri, bikanun temmäki önümleri we derman serişdeleri ýörite peçlerde ýakylyp ýok edildi.
3. «Turkish Airlines» Stambuldan Aşgabada dowamly howa gatnawlary üçin awiapetekleriň satuwyny ýola goýdy. Petekler eýýäm satuwa çykdy, olar awiakompaniýanyň saýtynda hem-de kassalarynda satyn almak üçin elýeterlidir. Uçuşlar 7-nji dekabrdan başlanýar we hepdede iki gezek amala aşyrylar. Howa gatnawlary Stambuldan Aşgabada çarşenbe we şenbe günleri, Aşgabatdan Stambula bolsa penşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.
4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar döwletine iş saparynyň çäklerinde Niderlandlaryň we ABŞ-niň ýygyndylarynyň arasynda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final duşuşygyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz duşuşygyň geçirilýän «Halifa» stadionynyň ýokary derejeli myhmanlar üçin niýetlenen zalynda Kataryň içeri işler ministri bilen we FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen gysga gürrüňdeşlik geçirdi. Niderlandlaryň 3:1 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanan duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Dohanyň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.
5. Türkmenistanda aýazly günler başlandy, Aşgabada we paýtagtyň eteklerine ilkinji gar ýagdy. Ýagyn köp boldy, uzakly gijäniň dowamynda gar ýagdy, şeýlelikde, irden tutuş şäher ak ýapynja bilen örtüldi.
6. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň binýadynda açmak meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halkara maglumat merkezini ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Halkara maglumat merkeziniň esasy wezipesi daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaýlymlarynda Türkmenistana we ýurtda bolup geçýän möhüm wakalara bagyşlanan dürli gepleşikleri, gysga dokumental filmleri hem-de wideoşekilleri taýýarlamakdan we ýaýlyma bermekden, ýörite neşirleri çap etmekden ybaratdyr.
7. Ginnesiň rekordlar kitabyna indi ölüm howply we ýerliksiz rekordlar girizilmez. Rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmaga hem-de şöhrat gazanyp, az bolmadyk pul baýragyny almaga ymtylýan köp sanly adamlaryň islendik zada taýýardyklary mälimdir. Şol sanda olar manysyz we ýerliksiz «gahrymançylyklary» görkezip, öz janlaryny we saglyklaryny howp astyna salmakdan hem çekinmeýärler. Indi Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek üçin şeýle synanyşyklar netije bermez. Şeýle hem rekordlar bellige alnanda öý haýwanlaryny örän uly göwrüme ýetýänçä zorluk bilen iýmitlendirýän adamlaryň hem bu talaplary ret ediler.
8. Nýu-Ýorkda baş arçanyň çyralaryny ýakmak dabarasy geçirildi, bu waka millionlarça adam tomaşa etdi. Arçany 8 kilometrlik girlýanda bezeg çyralary bilen bezediler. 25 metrlik äpet Täze ýyl arçasy Nýu-Ýorkyň merkezi meýdançasy bolan Rokfeller-plazada ýerleşdirildi. Arçany bezeýän ägirt uly girlýanda 50 müňden gowrak çyrajykdan ybaratdyr. Bu girlýandany agaja oramak üçin iki hepde sarp edildi.
9. «Abdyş-Ata» futbol toparynyň türkmen derwezebany Rahat Japarow futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionatynyň 2022-nji mösüminde gol geçirtmedik duşuşyklarynyň sany boýunça iň gowy derwezeban diýlip yglan edildi. Ol 21 duşuşyga çykyp, şolaryň 13-sinde derwezesine gol geçirtmedi.
10. Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/4 final duşuşyklary üçin iki jübüt toparlar mälim edildi. 9-njy dekabrda Argentinanyň ýygyndysy Niderlandlaryň topary bilen duşuşar, ertesi gün bolsa Fransiýanyň ýygyndysy bolsa Angliýa bilen güýç synanyşar.