Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Katar Döwletine sapar bilen bardy hem-de bu ýurduň paýtagty Dohada geçirilýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.
Dohadaky «Halifa» stadionynyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow stadionyň meýdançasynda şol wagt dowam edýän dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda çykyş edýän Niderlandlaryň we ABŞ-nyň ýygyndy toparlarynyň duşuşygyna tomaşa etdi.
Döwlet Baştutany futbol oýnuna tomaşa etmegini tamamlandan soň, «Halifa» stadionyndan çykyp, Doha şäheriniň Halkara howa menziline tarap bardy we şol ýerden Aşgabada ugrady.
Şeýle-de okaň: