Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Katara sapar bilen bardy

21:5203.12.2022
0
34539
Serdar Berdimuhamedow Katara sapar bilen bardy
Surat: Gulf Times

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Katar Döwletine sapar bilen bardy hem-de bu ýurduň paýtagty Dohada geçirilýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ir bilen Katara ugramazdan öň Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Kataryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen türkmen-katar hyzmatdaşlygy we onuň ösdürilmeginde şu saparyň ähmiýeti babatda gysgaça söhbetdeş boldy.

Kataryň ilçisi hem-de ýurduň resmi adamlary döwlet Baştutanynyň saparynyň üstünlikli geçmegini we sag-aman dolanyp gelmegini arzuw etdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň uçary birnäçe sagatdan soňra Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde ýokary derejeli, belent mertebeli türkmen myhmanyny Kataryň döwlet ministri Şeýh Fagyt ben Yhfaýsal Al Tani hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň