Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada «Türkmen howa ýollarynyň» ýanwar aýy üçin petekleriniň satuwy başlandy, Türkmenistanda aýazly howa garaşylýar, Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň söwda toplumy boýunça wise-premýerini kabul etdi

11:1230.11.2022
0
29022

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti 2023-nji ýylyň ýanwar aýy üçin Moskwa – Türkmenbaşy we Kazan – Türkmenabat ugurlary boýunça awiapetekleriň satuwyny ýola goýdy. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşa çarşenbe we anna günleri, Kazandan Türkmenabada bolsa duşenbe we penşenbe günleri dowamly howa gatnawlaryny amala aşyrar.

2. Şu hepde Türkmenistanyň howasyna kuwwatly Ural antisiklony täsir eder. Penşenbe we anna günleri Türkmenistanyň käbir etraplarynda garyşyk ýagynlara garaşylýar. Ýurduň demirgazyk sebitinde günüň ortaça temperaturasy noldan pese düşer. Irden howanyň temperaturasynyň -5°…-10 °C, gündizine bolsa -2°…+3°; ýurduň günortasynda irden +2°…+7 ° çenli, gündiz bolsa +4°…+9° çenli, käbir ýerlerde +11 °C boljakdygy çaklanylýar. Aşgabatda penşenbe güni az-kem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, garly ýagşyň ýagmagy hem mümkindir.

3. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň söwda toplumy boýunça wise-premýeri Batyr Atdaýewiň arasynda geçirilen duşuşykda energetika, ulag, logistika we özara haryt dolanyşygy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda haryt dolanyşygynyň artýandygy bellenildi. Şeýle hem gämigurluşyk, gämi abatlaýyş we senagatyň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

4. Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda ykdysadyýet we maýa goýum ulgamlary boýunça birnäçe ylalaşyklar taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýonyň arasynda Seulda geçirilen duşuşykda ýakyn wagtda maýa goýumlary kepillendirmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekmek meselelerine garaldy. Koreý parlamentiniň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, Koreý halkara hyzmatdaşlyk gaznasynyň Gaz pudagy üçin ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak merkezi we Maglumata elýeterlilik merkezi ýaly taslamalar hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmakda we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde esas bolup hyzmat ederler.

5. 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap AŞTU-nyň abonentleri üçin ykjam telefony arkaly 0787 gysga belgä SMS ibermek bilen şahsy hasaby barada maglumat almak hyzmaty elýeterli edildi. SMS-habarnamasynda şäher telefonynyň 6 sanly belgisi görkezilmelidir. Jogap hökmünde 0787 gysga belgiden internet, IPTV we şäher telefony üçin balans barada maglumat saklaýan SMS-habarnama geler. Hyzmat mugt amala aşyrylýar. Hyzmat gije-gündizleýin hereket edýär we ýörite hasaba alynmagy talap etmeýär.

6. Aşgabatda meşhur amerikan aýdymçysy we aktýory Frenk Sinatranyň, şeýle hem Jorj Maýklyň, Din Martiniň we Maýkl Bubleniň aýdymlary ýaňlanar. «Frenk Sinatra we hemmeler» atly konsert 18-nji dekabrda Mukamlar köşgünde geçiriler.

7. Emlägi 4,2 mlrd dollar hökmünde hasaplanýan amerikan telekeçi we ykdysatçy Mark Kýuban şahsy serişdeleriňi dolandyrmak üçin käbir maslahatlary berdi. Kýuanyň pikiriçe, etmeli işleriň ilkinjisi – bergilerden dynmaly, soňra maliýe «howpsuzlyk ýassygyny» edinmeli, onuň mukdary siz işsiz galan ýagdaýyňyzda ýarym ýyla çenli arkaýyn ýaşamaga ýetmeli. Şeýle hem ol zähmet hakynyň 10%-ni maýa goýumlar üçin ulanmagy we dükanlaryň arzanladyşlaryny peýdalanmakdan utanmazlygy maslahat berýär.

8. Iş gözlemek boýunça Russiýanyň «SuperJob» portaly her dördünji iş berijiniň Täze ýyl oturlyşygyny iş ýerinde geçirmegi meýilleşdirýändigini kesgitledi. «SuperJob» müň sany rus kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda pikir soraşma geçirdi. Onuň netijesi boýunça sorag edilenleriň 24% Täze ýyl mynasybetli oturlyşygy iş ýerinde, 19% bolsa restoranda ýa-da kafede geçirmegi meýilleşdirýär. 2% işgärler bilen şäheriň daşynda şowhunsyz duşuşyk geçirmegi göz öňünde tutýarlar, kompaniýalaryň 10% bolsa asla işgärler bilen baýramçylyk oturlyşyklaryny geçirmeýärler.

9. Dzýudo boýunça dünýä çempionatynyň tapgyry 2023-2026-njy ýyllarda Duşanbede geçiriler. IJF-niň prezidenti Marius Wizer we Täjigistanyň Dzýudo federasiýasynyň başlygy Nurullo Loikow 2023-2026-njy ýyllarda «Duşanbeniň Gran-prisini» geçirmek hakynda degişli ylalaşyga gol çekdiler. Täjigistanyň paýtagtynda geçiriljek bäsleşigiň senesi heniz kesgitlenmedi, ol 2023-nji ýyl üçin senenama işlenip düzülenden soňra mälim ediler.

10. Ýaşlaryň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 12-nji tapgyrynda öz meýdançasynda Aşgabadyň «Altyn asyr» topary Marynyň «Merw» toparyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy we möhletinden öň bäsleşigiň ýeňijisi boldy. «Altyn asyr» 34 utuk toplap, birinjiligiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda ikinji orunda barýan «Ahaldan» 9 utuk öňe geçdi. «Altyn asyr» ikinji düzümi 2019-njy ýylda döredilen ýaşlaryň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň taryhynda dördünji gezek ýeňiji boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň