Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyryň» ýaşlar düzümi dördünji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy

14:4728.11.2022
0
19115

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol toparynyň ýaşlar düzümi ýurdumyzyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän birinjiligiň ýeňijisi boldy. Möwsümiň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda ― 12-nji tapgyrda «Merwiň» ýaşlar düzümini 5:0 hasabynda ýeňen «Altyn asyr ― 2» nobatdaky gezek milli birinjiligi ýeňiş bilen tamamlady.

Ýokary ligadan tapawutlylykda Ýaşlar ligasynyň duşuşyklary iki aýlawda tamamlanar. Bu bolsa sekiz toparyň her biriniň 14 duşuşyk geçirýändigini görkezýär. Möwsümiň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda «Altyn asyr ― 2» utugyny 34-e çykaryp, ikini orundaky «Ahalyň» ýaşlaryndan 9 utuk öňe saýlanmagy başardy. Bu aratapawut bolsa «aragatnaşykçylaryň» eýýäm çempion bolandygyny görkezýär.

Şeýlelikde, «Altyn asyr ― 2» bassyr dördünji gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Başgaça aýtsak, Ýokary liganyň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky ýaryşyň esaslandyrylan wagtyndan ― 2019-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän ýaryşlaryň ählisi hem «Altyn asyryň» ýaşlarynyň çempionlygy bilen tamamlandy.

12-nji tapgyrda «Köpetdag ― 2» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan «Ahalyň» ýaşlar düzümi kümüş medal bilen oňňut etmeli bolar. 25 utukly topar eýýäm üçünji orundaky «Şagadam ― 2»-den 8 utuk öňde. 12-nji tapgyrda Mary şäherinde ýerli «Energetik ― 2»-ni 3:0 hasabynda ýeňen «Şagadamyň» ýaşlary üçünji orun üçin «Aşgabat ― 2»-dir «Merw ― 2» bilen ýaryşmaly bolar. Häzir «Şagadam ― 2»-de 17, «Aşgabat ― 2»-de 15, «Merw ― 2»-de bolsa 14 utuk bar. 13 utukly «Köpetdagyň» ýaşlarynyň hem baýrakly orun üçin göreşmek mümkinçiligi ýok däl.

Ýeri gelende, 12-nji tapgyryň dördünji duşuşygynda «Aşgabat» futbol toparynyň ýaşlarynyň Balkanabat şäherinde «Nebitçi ― 2»-den asgyn gelendigini habar berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň