Halkara dzýudo federasiýasy 2023 ― 2026-njy ýyllar aralygynda Dünýä tapgyryna Duşenbe Gran-prisiniň hem goşulandygyny habar berdi.
Bu barada IJF-niň prezidenti Marius Wizer Täjigistanyň Dzýudo federasiýasynyň prezidenti Nurullo Loikow bilen ikitaraplaýyn şertnama gol çekişdi. Gol çekişlik dabarasy BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçirildi.
Geljek ýyl Täjigistanda geçiriljek ýaryşyň wagty heniz belli däl, ýöne oňa 2023-nji ýylyň senenamasyndan hökman orun berler.
Gran-pri tapgyry her ýyl dünýäniň 10 döwletinde geçirilýär. Gran-pride gazanylan üstünlikler dzýudoçylaryň geljekki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini artdyrýar.