Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda amerikan aýdymlary ýaňlanar

15:3428.11.2022
0
23866

Amerikan aýdym-saz sungatynyň Frenk Sinatra, Jorj Maýkl, Dina Martina, Maýkl Buble ýaly ussatlarynyň eserlerini Aşgabatda diňlemek mümkinçiligi döredilýär.

Bu mümkinçilik 18-nji dekabr güni paýtagtdaky Mukamlar köşgünde geçiriljek konsert «Frenk Sinatra we beýlekiler» diýlip atlandyrylýar.

Wladimir Mkrtumowyň ýolbaşçylygyndaky «Blek Jek» saz topary tarapyndan beriljek konsertde aýdymlary Nury Nuryýew, Döwran Şammyýew we Meýlis Garaýew dagylar ýerine ýetirer. Şol agşamda aşgabatlylar we şäheriň myhmanlary jaz we blýuz mukamlarynyň jadylaýjy täsirine şaýat bolmaga çagyrylýar.

Konsert agşam sagat 19-da başlanar.

Petekler üçin (+993 12) 22 38 98; (+993 63) 467177; (+993 64) 037456 belgili telefonlar bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň