Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy boýunça alty resminama gol çekildi

22:3429.11.2022
0
11892

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň öňdebaryjy wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň we işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakyndaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hususan-da:

  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy bilen Koreýanyň «Hyundai Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoýollary» agentligi bilen Koreýanyň «Hyundai Corporation» kompaniýasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Koreýanyň «Hyundai Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Koreýanyň «Hyundai Engineering Co. Ltd» kompaniýasynyň arasynda Balkan welaýatynda ammiak we karbamid öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek, enjamlary bilen üpjün etmek we gurmak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Koreýanyň «Daewoo Engineering en Corporation» kompaniýasynyň arasynda gizlinlik hakynda Ylalaşyga we özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň