Türkmenistan we Günorta Koreýa ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer

22:0129.11.2022
0
12968
Türkmenistan we Günorta Koreýa ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer
Surat: yna.co.kr

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar, aýratyn-da, ulag-logistika ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Koreýa Respublikasynyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, munuň üçin Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda häzirki döwürde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynyň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýän ýurtlarynyň birine öwrülendigi bellenildi. Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde iki ýurduň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, bu ugurdaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek meselelerine zerur üns berilýändigi nygtaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ulag-logistika ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine, halkara ähmiýetli ulag ýollarynyň gurulmagyna we üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini belledi.

Häzirki döwürde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň Ýewropa bilen Aziýanyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ähmiýetli ulag düzümi bolup durýandygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň önümlerini Ýewropa ýurtlaryna ugratmakda bu deňiz menziliniň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi. Bu baradaky gürrüňini dowam edip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara ähmiýetli awtomobil, demir ýol geçelgeleriniň, Hazaryň kenarynda täze gurlan deňiz portunyň mümkinçilikleriniň halkara ýük gatnawlaryny ýola goýmakda netijeli ulanylyp bilinjekdigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça yklymara gatnawlary ösdürmek, Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmak arkaly, sebitara üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýeti bardyr.

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň halkara derejedäki ulag gatnawlaryny we üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini işjeňleşdirmegiň möhüm guraly hökmünde ykrar edilendigini belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Şunda logistik mümkinçilikleri peýdalanmak meselelerine möhüm üns berilýär. Halk Maslahatynyň Başlygy Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurduň ulag diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň koreý hyzmatdaşlar üçin hem ykdysady taýdan bähbitli boljakdygyna ünsi çekdi.

Koreýa Respublikasynyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti öňe süren köptaraply başlangyçlary üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň koreý işewürleri üçin örän özüne çekijidigini aýratyn nygtady. Bu ugur Koreýa Respublikasynda öndürilen önümleri, harytlary we tehnologiýalary, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna ugratmakda ähmiýetli hasaplanylýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti ulag-üstaşyr mümkinçilikleriň netijeli ulanylyp, bu gatnaşyklaryň sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň