Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň öňdebaryjy işewürleri bilen duşuşyk geçirdi

22:1929.11.2022
0
11428
Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň öňdebaryjy işewürleri bilen duşuşyk geçirdi
Surat: yna.co.kr

Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününde, günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň öňdebaryjy wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu çärä gatnaşyjylaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Duşuşygyň başynda Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti çykyş edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna özleri bilen wagt tapyp duşuşýandygy üçin hoşallyk bildirdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmak mümkinçiliginiň dörändigine şatdygyny nygtady. Soňra ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilýän duşuşyga gatnaşýan iri koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ýeke-ýekeden tanyşdyrdy we olaryň alyp barýan işleri, häzirki döwre çenli durmuşa geçiren taslamalary hem-de ol taslamalaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti öz ýurdunyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşmagynyň türkmen tarapyndan bildirilýän hormatdygyny aýratyn nygtady hem-de munuň üçin Halk Maslahatynyň Başlygyna duşuşyga gatnaşýan kompaniýalaryň wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen söz berildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy çuň many-mazmunly çykyşynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň, şol sanda işewürlik ulgamyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, baý mümkinçilikleri we uly geljegi barada giňişleýin gürrüň etdi. Şunda ulag-logistika ulgamynda, iri gurluşyklary, demir ýol, «akylly» şäher taslamalaryny amala aşyrmakda, ylmy köp talap edýän pudaklarda, şol sanda aragatnaşyk-telekommunikasiýa, kosmos ýaly ugurlarda, suwy süýjetmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde işlemek, hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip:

— Sizi ägirt uly ikitaraplaýyn mümkinçiliklerimize laýyk gelýän giň hem-de doly bahaly hyzmatdaşlyk etmäge uly höwes bilen çagyrýaryn. Türkmen-koreý işewürlik hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylara netijeli işlemegi we uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin — diýdi.

Soňra duşuşyga gatnaşýan öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olar Türkmenistanda şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, «akylly» şäher konsepsiýasynyň amala aşyrylmagyna möhüm üns berilýändigini belläp, özleriniň bu ugurdaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Şeýle-de koreý işewürleri dünýäde ýangyç-energiýa serişdelerine baý ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda nebitgaz senagatyny ösdürmek, pudaga häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini nazara alyp, özleriniň bu ugurda toplan tejribelerini we häzirki zaman usullaryny hödürlemäge taýýardyklaryny aýratyn bellediler.

Koreýanyň iri kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürýän önümçilik toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlendi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş eden koreý işewürleri ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda özara tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri barada hem gürrüň etdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň