Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolýar. Gurbanguly Berdimuhamedow resmi saparynyň dowamynda ilki bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýon bilen ýokary derejede gepleşikleri geçirdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Dostlukly döwletleriň parlament wekilleriniň hem gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk netijeli häsiýete eýe bolmak bilen, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sahypasyna öwrüldi.
— Biz parlament diplomatiýasynyň esasy maksadyny, manysyny we niýetlenilişini onuň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmagynda görýäris — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşykda belledi. Şeýle hem ikitaraplaýyn ynanyşmak esasynda geçen duşuşygyň dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik işlerden ybaratdygyny aýtdy.
Öz gezeginde koreý parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy üçin ygtybarly hyzmatdaşdygyny, taryhy ösüşleri nazarlaýan işleri ýerine ýetirmekde ýakyn dostdugyny belledi.
Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde ýerleşýän Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynda geçen duşuşygyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn taryhy Ähtnama gol çekilip, bilelikdäki geljeki üstünliklere badalga berildi diýip, türkmen metbugatynda habar berildi.