Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen çagyryldy

16:1829.11.2022
0
17088
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen çagyryldy
Surat: president.kr

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol kabul etdi. Bu barada resmi koreý elektron neşirleri habar berýär.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Şeýle hem duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekilidi.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen-koreý gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylyk hatyny gowşurdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Taraplar duşuşygyň dowamynda başga-da özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň