Türkmenistanyň käbir kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar

06:2026.04.2024
0
4650

Häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, "Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler amala aşyrylýar hem-de Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly kanun taslamalary taýýarlanylýar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurduň milli parlamentiniň ýolbaşçysy D.Gulmanowa bu barada döwlet Baştutanyna maglumat berdi.

Mejlisiň Başlygy şeýle hem halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Mejlisde Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Türkmen deputatlary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatyna we duşuşygyna gatnaşdylar.

Şeýle hem deputatlar döwlet syýasatynyň, ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow aýdylanlary diňläp, ýurduň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etmegiň, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň