Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow koreý kärdeşini Türkmenistana sapar bilen çagyrdy

15:4728.11.2022
0
13850

Habar berşimiz ýaly, Seul şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýon bilen ýokary derejede gepleşikleri geçirdi.

Milli Assambleýanyň habar bermegine görä, ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda iki tarap hem maýa goýum kepilligi şertnamasy we energiýa hem-de gurluşyk senagaty pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada giňişleýin pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýyl doldy. Geçen ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça işjeň gatnaşyklar ýola goýuldy. Aýratynda-da, parlamentara gatnaşyklarda, ylym-bilim, senagat, gurluşyk ýaly ugurlarda baý tejribeler toplanyldy. Özara saparlaryň ýokary derejede guralmagy diplomatik gatnaşyklary has-da pugtalandyrdy.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şol sanda maýa goýum kepilligi baradaky şertnamany gysga wagtda baglaşmak, şäher gurluşygy, şäherleriň awtobus üpjünçiligi, gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk ýaly geljegi uly ugurlar bolan taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýon dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orunda durýan Türkmenistan üçin baý tehnologik mümkinçiliklere eýe bolan Koreýa bilen hyzmatdaşlygy özara bähbitli, ykdysady ugra gönükdirmäge ähli şertleriň bardygyna ünsi çekdi. Şunda koreý kompaniýasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylan, 2018-nji ýylda açylan Gyýanly gaz-himiýa zawody mysal getirildi. Şonuň bilen baglylykda, köp sanly koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň energetika we senagat-önümçilik infrastrukturasyny amala aşyrmaga gatnaşyp biljekdikleri baradaky teklip öňe sürüldi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle-de nebit-gaz we energetika pudaklarynda alnyp barylýan gurluşyklarda koreý kompaniýalarynyň işjeň çekiljekdigini belledi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem üns çekildi. Şunda Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde mekdeplerinde koreý diliniň öwredilişini güýçlendirmek, ýurduň sebitlerindäki mekdeplerde hem koreý dilini okatmagy ýola goýmak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýon 2030-njy ýylda Busan şäherinde Bütindünýä sergisiniň geçirilmegi üçin Türkmenistanyň hem goldaw bermegini isleýändigini aýtdy. Bu teklip türkmen tarapy tarapyndan hoşallyk bilen kabul edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Kim Jin-Pýona Türkmenistanda meşhur koreý awtoulag kompaniýalarynyň ulaglaryna uly gyzyklanma bildirilýändigini we kärdeşiniň Türkmenistana sapar bilen gelip görse, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mysallaryny görkezjekdigini aýtdy. Kim Jin-Pýon çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi we Aşgabada sapar bilen barmagy gysga wagtda meýilleşdirjekdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy we degişli resminama gol çekildi.

Türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň