Türkmenistanyň şäherlerinde we etraplarynda 12 häkimlik ýatyryldy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary başlandy, Türkmenistanyň DIM-i Wladimir Makeýiň biwagt aradan çykmagy sebäpli gynanç bildirdi

09:0428.11.2022
0
20704

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda degişli Karara gol çekdi, şonuň esasynda Türkmenistanyň şäherlerinde we etraplarynda on iki sany häkimlik ýatyryldy. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Tejen şäher häkimligi ýatyryldy, Balkan welaýatynyň Serdar etrap häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Gyzylarbat etrap häkimligi diýlip atlandyryldy, şeýle hem Serdar, Gumdag we Hazar şäher häkimlikleri hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrap häkimligi ýatyryldy. Mundan başga-da, Prezident Kararyna laýyklykda, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda birnäçe häkimlikler ýatyryldy.

2. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna bardy. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti we Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen hem-de birnäçe beýleki duşuşyklar meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, şeýle hem iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirildi.

3. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Belarusyň DIM-niň ýolbaşçysy Wladimir Wladimirowiç Makeýiň biwagt aradan çykmagy sebäpli çuňňur gynanç bildirdi. «Wladimir Wladimirowiç Belarusyň diplomatik gullugyny ösdürmek işine uly goşant goşdy, öz ýurdunyň daşary syýasatyny pugta we tutanýerlilik bilen durmuşa geçirdi, halkara syýasy giňişlikde onuň bähbitlerini we gyzyklanmalaryny gorady» – diýlip, türkmen daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

4. Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bazarlaryna azyk harytlarynyň bolçulygyny, olaryň bahalarynyň elýeterliligini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Wise-premýer Batyr Atdaýewiň habar bermegine görä, Halkara Bitaraplyk gününiň we Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan söwda nokatlaryny ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda öndürilýän azykdyr beýleki önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

5. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pariž şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti bilen ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary Ernesto Ramiresiň, Fransiýanyň Aziýa sungatynyň milli muzeýi Gimeniň direktorynyň, Luwryň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi.

6. Türkmenistanda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutyny dolulygyna hojalyk hasaplaşygyna geçirmek meýilleşdirilýär.

7. Täjigistanyň paýtagtynda ilkinji ýeralma festiwaly geçirildi. Täjigistanyň ähli künjeklerinden daýhanlar bu ekiniň iň gowy tohumlaryny getirdiler. Bu ýerde onuň Kardinal, Durahşon, Romanse, Täjigistan ýaly tohumlary ösdürilip ýetişdirilýär. Iň meşhurlarynyň biri hem daglyk Raşt etrabynyň ýeralmasydyr. Ýeralma Täjigistanda milli azyk howpsuzlygy maksatnamasynyň bir bölegidir, şonuň üçin hem onuň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlary ýyl-ýyldan artýar.

8. Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasy ýyladyjy akylly-şarf öndürdi. Bu aksessuar ýyladyjy enjam, datçik we temperaturany sazlaýjy gurluş, şeýle hem aşa gyzgynlykdan we gysga utgaşmadan goraýjy ulgam bilen üpjün edilendir. Mundan başga-da, eger enjamyň içki gurluşlarynda näsazlyk dörese, ol awtomatik ýagdaýda öçýär we eýesine zyýan ýetirmeýär. Bu şarfy hatda ýuwup hem bolýar.

9. Russiýanyň «Soçi» futbol toparynyň eýesi Boris Rotenberg Gurban Berdiýewiň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini tassyklady. 70 ýaşly türkmen hünärmen bilen 2,5 ýyllyk şertnama baglaşyldy. «Şu gün Gurban Bekiýewiç topar bilen tanyşdyryldy. Onuň ägirt uly futbol tejribesi bar. Onuň «Soçi» toparyna häzirki ösüş tapgyrynda kömek etjekdigine ynanýaryn. Maksatlar barada hem durup geçsek, ol netijeli gyşky ýygnanyşyklary geçirer. Men munuň üçin şübhelenemok. Ýazda topar has güýçli we kuwwatly bolar. Häzirki ösüş tapgyrynda Gurban Berdiýew – topara gerek adam. Onuň tejribesi topara dogry ösmäge ýardam berer».

10. Lewerkuzeniň «Baýer» toparynyň we Eýranyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Serdar Azmun hemişe Türkiýäniň «Fenerbahçe» toparyny gowy görendigini gürrüň berdi. «Men türkmen. Men türkleri örän gowy görýärin. Türklere şöhrat. Men «Fenerbahçäni» örän gowy görýärin. Maňa olardan teklip geldi. Men ozal olaryň derwezesine gol geçiripdim, «Fenerbahçeden» ötünç soraýaryn. Haçan-da bolsa geljekde «Fenerbahçäniň» düzüminde oýnaryn diýip umyt edýärin». Ýewropa Ligasynyň 2018/19-njy möwsüminde Azmun «Zenitiň» düzüminde «Fenerbahçäniň» derwezesine 2 gol geçiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň