Turkmenportal logo
27.11.22
2303623036
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-i Wladimir Makeýiň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň DIM-i Wladimir Makeýiň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Photo: Cancillería del Ecuador

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Belarusyň Daşary işler ministri Wladimir Wladimirowiç Makeýiň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi.


— Wladimir Wladimirowiç Belarusyň diplomatik gullugynyň ösmegine möhüm goşant goşdy, öz ýurdunyň daşary syýasatyny yzygiderli, berk we düýpli durmuşa geçirdi, onuň halkara syýasy giňişlikdäki ornuny we bähbitlerini gorady — diýlip, şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda çap edilen metbugat beýanatynda aýdylýar.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Makeýiň däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn türkmen-belarus gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ösdürmek ugrundaky tagallalaryna aýratyn ünsi çekdi.


«Wladimir Wladimirowiç Makeý ýokary hünärli diplomat, sada we edepli adam, ak ýürekli we wepaly dost hökmünde hemişelik ýatda galar» diýlip, beýanatda bellenilýär.


Wladimir Makeý 26-njy noýabrda 64 ýaşynda tarpa-taýyn aradan çykdy. Ol 2012-nji ýylyň 22-nji awgustyndan bäri Belarusyň Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk etdi.