Welaýatlaryň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow birnäçe Karara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda:
- Ahal welaýatynyň Tejen şäher häkimligi ýatyryldy;
- Balkan welaýatynyň Serdar etrap häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap häkimligi diýlip atlandyryldy. Welaýatyň Serdar, Gumdag we Hazar şäher häkimlikleri hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrap häkimligi ýatyryldy;
- Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap häkimligi diýlip atlandyryldy. Welaýatyň Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky etrap häkimlikleri hem-de Köneürgenç şäher häkimligi ýatyryldy;
- Lebap welaýatynyň Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy;
- Mary welaýatynyň Serhetabat we Oguz han etrap häkimlikleri ýatyryldy;
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine degişli Kararlardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizmek tabşyryldy.
Şeýle-de welaýatlaryň häkimlikleri Adalat ministrligi bilen bilelikde degişli Kararlardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.