Soňky habarlar

Arhiw

«Soçi» Gurban Berdiýewiň baş tälimçi bolandygyny tassyklady

20:3226.11.2022
0
18725

Gurban Berdiýewiň Russiýa Federasiýasynyň «Soçi» toparyna tälimçilik etjekdigi yglan edildi. Tejribeli hünärmen bilen toparyň baglaşan şertnamasy iki ýarym ýyla uzar. Bu maglumaty toparyň eýesi Boris Rotenberg tassyklady.

— Şu gün Gurban Berdiýew topar bilen tanyşdyryldy. Onuň diýseň uly futbol tejribesi bar. Men klubuň ösüşiniň häzirki tapgyrynda onuň «Soçä» uly ýardamynyň ýetjekdigine ynanýaryn. Häzirki meýilnamalar hakynda aýdylanda bolsa, ol netijeli gyşky türgenleşikleri geçirer. Men muňa asla şübhelenmeýärin. Ýazda bolsa diýseň ykjam, has güýçli topar emele geler. Ösüşiň häzirki tapgyrynda Gurban Berdiýew klub üçin diýseň möhüm. Onuň tejribesi topara sazlaşykly ösmäge uly kömek berer — diýip, rus neşirleri belledi.

Iň uly üstünliklerini Russiýanyň Premýer-ligasynda gazanan Gurban Berdiýew şu ýylyň iýunynda Eýranyň «Traktor» toparyna geçipdi. 24-nji noýabrda bolsa Töwriziň toparyny terk etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň