Habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Himiýa institutynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň meseleleri barada hasabat berdi.
Hasabatda beýan edilişi ýaly, Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek maksadalaýyk hasaplanylýar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda ylmy mundan beýläk-de ösdürmek, düýpli we amaly ähmiýetli ylmy barlaglaryň hem-de ýurduň kärhanalarynyň we edaralarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen innowasion tehnologiýalaryň netijeliligi üçin şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ylmy-barlag institutlarynyň doly hojalyk hasaplaşygyna geçirilmeginiň öz-özüni dolandyryş ulgamyny ep-esli gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň gazananlaryny milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna has işjeň ornaşdyrmaga-da ýardam etjekdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.