Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň adam hukuklary boýunça sebit wekili bilen duşuşdy, Aşgabatda «Eksporty dolandyrmak» atly tölegsiz okuw maksatnamasyna ýazylyşyk açyldy, Türkmenistanda «Spelling bee» bäsleşiginiň milli tapgyry geçirildi

11:3409.11.2022
0
18783

1. Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebit wekili Rişard Komendanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygyndaky birnäçe möhüm çärelere, şol sanda BMG-niň Baş sekretarynyň adam hukuklarynyň bähbidine hereket etmek çagyryşynyň ýerine ýetirilmegine, Adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynyň 75 ýyllygy we Hereket Maksatnamasynyň 30 ýyllygy dabaralaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.

2. «Ready4Trade Merkezi Aziýa» taslamasy 21-25-nji noýabr aralygynda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda geçiriljek «Eksporty dolandyrmak» atly tölegsiz okuw maksatnamasyna ýazylyşygyň açylandygyny habar berýär. Okuw bütin günüň dowamynda onlaýn we offlaýn sapaklar görnüşinde geçiriler.

3. Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Spelling bee» atly Merkezi Aziýa bäsleşiginiň milli tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik iňlis diliniň orfografiýasynyň kynçylyklaryna üstünlik bilen hötde gelmek üçin harplary dogry aýtmak başarnygyny ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar sözi harplap aýtmaly, onuň ýazuw görnüşini transkripsiýasyny görkezmeli. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda «Spelling bee» bäsleşiginiň Daşkentde geçiriljek finalynda Türkmenistana wekilçilik etjek dört sany iň gowy talyp kesgitlenildi.

4. 8-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Ştrih-kod boýunça milli guramasy Özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama türkmen önüm öndürijileriniň eksport mümkinçiligini artdyrmaga, olaryň dünýä bazarlaryna päsgelçiliksiz çykmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir. Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen tekeleçileriniň halkara söwda kadalary baradaky bilimlerini artdyrmaga itergi berjek bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

5. Jimmi Kimmel 2023-nji ýylyň 12-13-nji martynda geçiriljek Amerikanyň Kinoakademiýasynyň «Oskar» baýragyny gowşurmak boýunça 95-nji dabarasynyň alypbaryjysy bolar. Aktýor eýýäm üçünji gezek «Oskar» baýragyny gowşurmak dabarasynyň alypbaryjysy bolýar. «Oskary» alypbarmaga çagyrylmak ýa uly hormat, ýa-da duzakdyr. Islendik ýagdaýda-da, her bir mynasyp dalaşgäriň ret etmeginden soňra meni şeýle tiz çagyrandyklary üçin Akademiýa minnetdardyryn» – diýip, Kimmel gürrüň berdi.

6. «Şouşenkadan gaçyş» filmindäki gahrymanyň içinde geologiýa çekijini saklaýan Injili bäsleşikli söwdada (auksionda) 387,5 funt sterlinde ýa-da 440 müň dollara satyldy. Injil filmiň sýužetiniň wajyp elementleriniň biridir – baş gahryman Endi Dýufreýn onuň sahypalarynda geologiýa çekijini gizläp saklaýar we onuň kömegi bilen 20 ýyldan gowrak tussaglykdan soň tussaghanadan gaçýar.

7. Russiýanyň ýygyndysy Özbegistanyň toparyna garşy dostluk duşuşygyny geçirer. Duşuşyk 20-nji noýabrda Daşkendiň «Pahtakor» Merkezi stadionynda geçiriler. oýun Aşgabat wagty bilen 17:00-da başlanar. Ozal milli ýygyndy derejesinde Russiýanyň we Özbegistanyň toparlary bir gezek hem duşuşmandylar. FIFA-nyň sanawynda (reýtinginde) Russiýanyň ýygyndysy 33-nji orunda, Özbegistanyň topary bolsa 77-nji orunda durandyr.

8. Kazanda geçirilen guşakly göreş boýunça Dünýä kubogynyň jemi jemlendi. Türkmenistanly türgenler 12 medala mynasyp boldular – 2 altyn, 2 kümüş we 8 bürünç. «Ak Bars» Başa-baş söweş köşgünde geçirilen bäsleşige 33 ýurduň wekilleri gatnaşdylar.

Russiýanyň ýygyndysy bäsleşigiň netijeleri boýunça toparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi. Ikinji orny Özbegistanyň topary, üçünji orny bolsa Türkmenistan eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň