«Şouşenkadan gaçyş» filmindäki Injil 440 müň dollara satyldy

14:1208.11.2022
0
18612

«Şouşenkadan gaçyş» filminde baş gahrymanlaryň biriniň elindäki Injil kitaby londondaky Propstore söwda-satyg auksionynda 387,5 müň funt sterlinge (440 müň amerikan dollary) satyldy diýip, «Business Insider» neşirine salgylanyp, «MIR 24» ýazýar.

Filmde Injil kitaby esasy orna eýedir. Ony türme gözegçisi Norton baş gahrymana filmiň başynda: «Halas bolmak munuň içinde ýatyr» diýen sözler bilen sowgat berýär. Kitapda gahryman daş owradylýan kiçijik çekiç gizleýär, ol şonuň kömegi bilen tussaglykdan gaçýar.

«Şouşenkadan gaçyş» filmi 1994-nji ýyllarda ekrana çykypdy. Režissýor Frenk Darabont tarapyndan döredilen filmde ömürlik tussag edilen Endi Dýufreýniň ykbaly gürrüň berilýär. Filmiň esasynda Stiwen Kingiň «Rita Heýuort we Şouşenkadan halas boluş» atly powesti ýatýar. Filmde baş keşpleri Tim Robbins we Morgan Frimen ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň