Arhiw

Jimmi Kimmel «Oskar» kinobaýragynyň 95-nji gowşurylyşyny alyp barar

11:3908.11.2022
0
23667

Şowhunly telegepleşikleriň alypbaryjysy Jimmi Kimmel Amerikanyň kinoakademiýasynyň «Oskar» baýragynyň 95-nji gezek gowşurylyş dabarasyny alyp barar. Bu barada «New York Times» gazeti Kimmeliň öz beýanatyna salgylanyp habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Kimmel dabarany ýeke özi alyp barar. Soňky ýyllarda «Oskar» baýragynyň gowşurylyşlary alypbaryjysyz, käte üç alypbaryjyly geçirilipdi.

«Oskary» üçünji gezek alyp barmaga çakylyk hem abraý, hem-de duzak diýip hasaplaýaryn. Emma her niçigem bolsa, men bu işi beýleki akylly-başly adamlar ýüz öwrenden soňra Akademiýanyň özüme teklip edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin» diýip, Jimmi Kimmel degişdi.

ABC teleýaýlymynyň meşhur alypbaryjysy «Oskar» kino baýragynyň dabaralaryny 2017 we 2018-nji ýyllarda alyp barypdy.

Bu gezekki baýragyň gowşurylyşy ABC teleýaýlymynda geljek ýylyň 12-nji martynda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň