Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebit wekili Rişard Komenda bilen duşuşdy. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG AHÝK-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilşini we Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary boýunça konwensiýalarynyň düzgünlerini durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin Pudagara toparynyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şol bir wagtyň özünde, Adalatçynyň edarasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, bilim maksatnamalaryny ornaşdyrmak we sebitleýin çäreleri geçirmek üçin ýurdumyzyň gyzyklanmasy tassyklandy.
R.Meredow bilelikdäki işleriň ugurlarynyň biri BMG-nyň şertnamalaýyn guramalaryna nutuklary we hasabatlary taýýarlamakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligini güýçlendirmek üçin taýýarlyk bildirildi.
BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasyna, adam hukuklary boýunça milli institutlara, ilkinji nobatda Adalatçynyň edarasyna goldaw bermekde alyp barýan işleri, şol sanda adam hukuklary bilimini ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri gurandygy üçin minnetdarlyk bildirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýörite mandat eýeleri bilen geçirilen gepleşikde gazanylan üstünlikler barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda, türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygyndaky birnäçe möhüm çärelere, şol sanda BMG-nyň Baş sekretarynyň adam hukuklarynyň bähbidine hereket etmek çagyryşynyň ýerine ýetirilmegine, adam hukuklarynyň alhlumumy Jarnamasynyň 75 ýyllygy hem-de Wena Jarnamasynyň we Hereket Maksatnamasynyň 30 ýyllygy dabaralaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.