Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen lukmançylyk ulgamynyň işgärleri hünär baýramçylygyny bellediler, «Belawia» Türkmenbaşa petek satuwyny ýola goýdy, Beýik Britaniýanyň ilçihanasy Aşgabatdaky ilkinji ekofestiwaly gurady

12:0011.10.2022
0
18451

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynyň işgärlerini hünär baýramçylygy mynasybetli gutlady. Türkmen Lideri Garaşsyzlyk ýyllarynda halkyň saglygyny goramaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmäge, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmäge gönükdirilen işleriň durmuşa geçirilendigini belledi. Mundan başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

2. Belarussiýanyň «Belawia» awiakompaniýasy Minskden Türkmenbaşa we yzyna dowamly howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň satuwyny ýola goýdy. Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin oflaýn petekleri «Belawianyň» Aşgabatdaky wekilhanasyndan satyn alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon: +99312926409. Şeýle-de petekleri www.belavia.by saýtyndan onlaýn görnüşde satyn almak mümkindir.

3. 14-nji oktýabrda Aşgabatda programmistleriň Açyk gapylar güni geçiriler. «Iş nokady» kompaniýasy «Coddy» Halkara çagalar programmirlemek mekdebi bilen birlikde «Python – programmirlemegiň kuwwatly we uniwersal dili» mowzugyndan (temasyndan) açyk sapak geçerler. Çäre sagat 18:00-da başlanar. Oňa gatnaşmak üçin öňünden resmileşdirmek işleri geçirilmelidir. Giriş üçin çäklendirilme ýokdur.

4. Eýran Türkmenistan we Täjigistan arkaly öz milli energetika toruny ŞHG agza döwletleriň energoulgamlaryna birikdirmek taslamasy boýunça maslahatlary geçirýär. Eýranyň energetika ministriniň halkara işler boýunça maslahatçysy Mohammad Ali Farahnakýanyň bellemegine görä, bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda üçünji elektrik geçiriji ulgamy gurmak zerurdyr.

5. Aşgabatda Türkmenistandaky ilkinji ekofestiwal geçirildi. Çäre Beýik Britaniýanyň ilçihanasy tarapyndan guraldy. Festiwalyň çäklerinde çaga suratlarynyň, tikinçilik boýunça el işleriniň, şekillendiriş sungatynyň, wegetarian naharlaryny taýýarlamagyň, robot tehnikasynyň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Çäräniň dowamynda britan naturalistik Dewid Attenboronyň filminiň görkezilişi hem geçirildi.

6. Türkmenistanyň paýtagtynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergä dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy gatnaşdy. Olar hödürleýän dürli lukmançylyk hyzmatlary, öndürýän tebigy kosmetiki önümleriniň giň görnüşleri, çaga iýmiti bilen tanyşdyrdylar.

7. Güýzüň gelmegi bilen Täjigistanyň ähli seýilgählerinde we meýdançalarynda 10 milliondan gowrak gül ekiler. Adatça bu ýerde güýzlük tagetese we bezeg kelemine ähmiýet berilýär. Tegetesiň açyk sary reňkli gülleri gunça görnüşinde örän owadan görünýär, şeýle-de olar topragy gurplandyrýarlar. Bezeg kelemi iki hepdeden soň ekilýär, çünki bu ösümlik sowuga has gowy uýgunlaşandyr. Gyş üçin Täjigistanda wiolanyň we margaritkanyň tohumlary taýýarlanylýar.

8. Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň tennis meýdançalarynda badalga alan okuw sapagy Türkmenistanyň ähli sebitlerinden tälimçileri bir ýere jemledi. Ol halkara tennis federasiýasynyň Aziýa sebitiniň hünärmeni we jogapkär ýolbaşçysy Amir Borgei tarapyndan geçirilýär. Sapagyň çäklerinde ol tennis meýdançasynda nazary we amaly sapaklary geçirýär.

9. Aktaudaky «Mangistau Arena» stadionynda sambo boýunça Aziýanyň açyk Kubogy tamamlandy. Bäsleşige 9 ýurtdan w00-den gowrak türgen gatnaşdy, onda erkekleriň we zenanlaryň arasynda 7 agram derejede hem-de söweş sambosy boýunça baýraklar ugrunda güýç synanyşdylar. Üç günlük bäsleşigiň netijesinde Türkmenistanyň topary 11 medal gazandy. Olardan – 1 altyn, 2 kümüş we 8 bürünç medallar. Birinji orny Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümindäki Aýlar Melikowa 50 kg çenli agram derejede söweş sambosyndan gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň