Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärlerine sylaglar gowşuryldy

09:1111.10.2022
0
23416

10-njy oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permanyna laýyklykda döwlet sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp bolan saglygy goraýyş işgärlerine sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşan hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmeti, ýokary hünär ussatlygy bilen aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen, 2022-nji ýylyň dokuz aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amantäç Berdyhanowa Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglandy.

Degişli Perman esasynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň müdiri Kuwat Myrat Gaýypowa «Türkmenistanyň halk lukmany» diýen hormatly at; Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň baş lukmany Ilaman Aşyrowa hem-de Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň direktory Täzegül Niýazmuhammedowna Saryýewa bolsa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri»diýen hormatly at dakyldy.

Şeýle-de şu raýatlar Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandylar:

  1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hojalyk bölüminiň II derejeli hünärmeni Swetlana Anatolýewna Şabalina;
  2. Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara «Ene mähri» merkeziniň maslahat beriş, anyklaýyş we fizioterapiýa bölüminiň çaga lukmany Batyr Tirkişowiç Rahmanow;
  3. Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkeziniň baş şepagat uýasy Halbibi Rejepowna Jumaýewa;
  4. Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkeziniň şepagat uýasy Oguldursyn Matnepesowa;
  5. S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň öýken-ýürek reanimasiýa bölüminiň müdiri Musa Jumageldiýewiç Aýtmämmedow;
  6. S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň endokrinologiýa bölüminiň gaýragoýulmasyz terapiýa kömegi boýunça terapewt lukmany Owlak Annamyradowna Nepesowa;
  7. S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň şepagat uýasy Baýramsoltan Rejepowna Sädiýewa;
  8. Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň reanimatolog lukmany Güljemal Annamuhammedowna Gulmyradowa;
  9. Saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň maslahat beriş anyklaýyş bölüminiň hirurg lukmany Aleksandr Ýurýewiç Miroşniçenko;
  10. Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň barlagçysy Ogulgerek Amanmyradowna Weliýewa;
  11. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň hirurg lukmany Göwher Baýramowna Aşyrowa;
  12. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň trawmatologiýa we ortopediýa kafedrasynyň müdiri Niýazmyrat Nazarowiç Batyrow;
  13. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň dosenti Roza Gylyjowna Atajanowa;
  14. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň uly mugallymy Jumadurdy Amanow;
  15. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet pediatriýasy kafedrasynyň assistenti Ýazgylyç Ýawan;
  16. Ahal welaýatynyň Ýokanç keseller hassahanasynyň baş lukmany Hanmämmet Goçyýew;
  17. «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany Berdimämmet Hanmämmedowiç Gurbanow;
  18. Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň anesteziologiýa we intensiw bejergi bölüminiň müdiri Meýlis Žumabaýewiç Babažanow;
  19. Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň anesteziolog-reanimatolog lukmany Mürze Haýdarowiç Hojakulyýew.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň