Türkmenistanyň taryhynda ilkinji ekofestiwal geçirildi

13:0310.10.2022
0
26531

9-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistandaky ilkinji ekofestiwal geçirildi. Bu barada newscentralasia neşiri habar berdi.

Çäräni Angliýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady. Onuň işine ilçi Jon Hemilton hem gatnaşdy.

Festiwalyň çäginde aýdymlar ýerine ýetirildi, tematiki çekişmeler we çagalar üçin gyzykly güýmenjeler guraldy.

Bu çäre ekologiýa boýunça işjeňleriň we ekoblogçy Gulnara Taýjanowanyň gatnaşmagynda geçirildi, olar diňleýjilere galyndylary tertipleşdirmegiň ähmiýeti barada öz çykyşyny hödürlediler.

Festiwalyň myhmanlaryna ösümliklerden taýýarlanan tagamlar hödürlendi.

Festiwal meýdançalarynda çagalaryň suratlarynyň, tikinçilik, surat çekmek, ösümliklerden taýýarlanan naharlaryny bişirmek we robot önümleri boýunça ussahanalar açyldy. Ekomarket ekologiki kosmetiki önümleri hödürledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň