Soňky habarlar

Arhiw

Eýran Türkmenistanyň üsti bilen ŞHG-niň elektrik ulgamyna birikmäge taýýar

12:3210.10.2022
0
21088

Eýran milli energiýa ulgamyny ŞHG-a agza ýurtlaryň energiýa ulgamlaryna Türkmenistan we Täjigistan arkaly birikdirmek boýunça uly taslama barada maslahat berýär. Bu barada Eýranyň energetika ministriniň Halkara gatnaşyklar boýunça geňeşçisi Muhammet Ali Farahnakýa aýtdy.

Geňeşçi bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda üçünji elektrik geçirijisini gurmalydygyny nygtady.

Eýran tarapynda türkmen serhedine elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy tamamlandy we Türkmenistan bu taslama başlan badyna elektrik ulgamynyň geçirijilik ukyby 200 göterim ýokarlanar.

Farahnakyan, şeýle hem, elektrik geçirijilik kuwwatynyň ýokarlanmagynyň Eýrana Hazar deňziniň gündogar kenarlaryndan elektrik toguny eksport etmäge mümkinçilik berjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň