«Belawia» Türkmenbaşy şäherine uçuşlar üçin petek satuwyna badalga berdi

12:1510.10.2022
0
38927

Belarusyň «Belawia» kompaniýasy Minsk şäherinde Türkmenbaşa we ondan yzlygyna gatnaw üçin petekleriň satuwyny ýola goýdy.

25-nji oktýabrda badalga beriljek uçuşlar şu aýda her hepdäniň sişenbe güni, 1-nji noýabrdan başlap bolsa her iki hepdeden bir gezek sişenbe güni amala aşyrylar.

Petekler awiakompaniýanyň Aşgabat şäherindäki satuw ofisinde hödürlenilýär. Bu ofis Teke bazaryndaky «Ak deňiz» binasynyň ikinji gatynda ýerleşýär. Ýüze çykan sowallar bilen +99312926409 belgili telefona jaň etmeli.

Petekleri onlaýn görnüşinde www.belavia.by saýtyndan we bu saýtyň mobil goşundylaryndan satyn alyp bolar.

Minsk şäherinden gije sagat 22:40-da göge göteriljek uçar Türkmenbaşa 04:45-de geler. Şol bir uçar 05:45-de ýene yzyna uçup, Minsk şäherine ir sagat 08:05-de gaýdyp barar.

Awiakompaniýa bu uçuşlary Braziliýanyň «Embraer E195» uçary arkaly alyp barar. Bu uçarda 125 ýolagçy orny bardyr. Şol sanda olaryň diňe 9-sy biznes-klass orunlarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň