Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda dört sany täze halkara awtomenziller açyldy, 1 müň 530 adam Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny aldylar, Ahmed Shad Andreý Malahowyň gepleşigine myhman boldy

13:4626.09.2022
0
36571
Türkmenistanda dört sany täze halkara awtomenziller açyldy, 1 müň 530 adam Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny aldylar, Ahmed Shad Andreý Malahowyň gepleşigine myhman boldy

1. Türkmenistanyň dört welaýatynda – Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bir gije-güniziň dowamynda 700 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen. döwrebap ýolagçy awtomenzilleri ulanylmaga berildi. Mundan başga-da, awtomenzilleriň birinji gatynda 140 orunlyk garaşylýan zal, ulagyň ähli görnüşleriniň peteklerini satýan kassalar, sorag-jogap gullugy, ýükleri saklamak üçin ýörite ýer, dürli gulluk otaglary ýerleşdirilipdir.

2. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. 1 müň 530 adam Türkmenistanyň raýaty boldy.

3. Andreý Malahowyň «Россия-1» teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän «Tüýs ýürekden çykýan aýdymlar» («Песни от всей души») telegepleşigine Ahmed Shad diýlip tanalýan türkmenistanly aýdumçy Ahmet Atajanow gatnaşdy. Ol öz düzen «Erkin» («Вольная») aýdymyny we Aleksandr Serowyň «Men seni gözýaşly-da söýýärin» («Я люблю тебя до слез») kompozisiýasyny ýerine ýetirdi. «Erkin» («Вольная») aýdymynyň wideoşekili YouTube-da 6 milliondan hem köp gezek görlüpdi.

4. Türkiýäniň Türkmenistandaky wiza merkezi goşmaça işgärleri işe kabul edýär. Häzirki wagtda wiza merkezinde maglumat we sorag-jogap gullugynyň operatory, maglumat ulgamlary boýunça hünärmen, kassir wezipeleri açyldy. Dalaşgärler CV maglumatlaryny: ik@gateway.com.tr elektron poçta salgysyna ibermelidirler.

5. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýaly bilen bilelikde iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Saparyň maksatnamasy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda geçiriljek Ýaponiýa öňki Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet jaýlanyş dabarasyna gatnaşar.

6. Türkmenabatda 100 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat täze kottejler toplumy ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda jaýlaryň eýelerine dabaraly ýagdaýda açarlar gowşuryldy.

7. Sentýabryň başynda «Apple» «iPhone» enjamlarynyň täze görnüşlerini, «Apple Watch» akylly sagatlaryny we «AirPods 2 Pro» gulaklyklarynyň täzelenen nusgasyny tanyşdyrypdy. Apple kompaniýasynyň täze «iPhone 14», «iPhone 14 Pro» we «iPhone 14 Pro Max» smartfonlaryny eýýäm Aşgabatdaky «AlmaPro» mobil aragatnaşyk salonyndan satyn almak mümkindir.

8. Amerikan himiýa jemgyýetiniň hünärmenleri ýanyş derejesine görä reňkini üýtgetmäge ukyply bengal otlarynyň täze görnüşini döretdiler. Altyn öwüşginleriň ýaşyla öwrülmeginiň syry Ýerde seýrek duşýan itterýiý metalynyň mis bilen garylmagyndadyr.

9. Milli statistika insitutynyň (ISTAT) 2021-nji ýyl üçin ilatyň sany boýunça täzelenen maglumatlaryna görä, geljek 50 ýylyň dowamynda Italiýanyň ilaty 11,5 mln adam azalar. Bilermenler 2021-nji ýylda Italiýanyň ilatynyň sany 59,2 mln adam bolan bolsa, ol 2030-njy ýylda 57,9 mln adama çenli azalar, 2050-nji ýylda bolsa bu görkeziji 54,2 mln adama deň bolar, 2070-nji ýylda bolsa – 47,7 mln adam.

10. Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy Samarkantda (Özbegistan) geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynda 4х400 metre estafetada kümüş medala mynasyp boldular. Onuň netijesi 3 minut 19,92 sekund. Ondan öňki gün Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy hem4х400 metre estafetada 4 minut 05,6 sekund netije görkezip, kümüş medal gazanypdylar.

11. Türkmenistanly çekiç zyňyjy Mergen Mämmedow Samarkantda geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynda altyn medal gazandy. Mämmedow iň gowy synanyşygynda çekiji 69,10 metre zyňdy.

12. Türkmenistanly ýadro zyňyjy Maksat Mämmedow Samarkantda geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynda altyn medal gazandy. Türgen 16,08 metr netije görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň