Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 4 welaýatynda täze awtomenziller açyldy

22:0924.09.2022
0
33378

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly ak pata bermegi bilen, Türkmenistanyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde döwrebap ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabaralary boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurduň dört welaýatynda açylan döwrebap awtomenzilleriň gurluşygy Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmagynda «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Bu awtomenziller Aşgabadyň demirgazyk künjeginde gurlan we 2014-nji ýylda Türkmenistanyň şol wagtky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berlen Halkara awtomenziliň üstüni ýetiren häzirki zaman ýol-ulag desgalarydyr.

Täze awtomenzillerde ýolagçylara ýokary derejede, medeniýetli hyzmat etmek boýunça ähli döwrebap şertler döredilen. Açylyş dabaralarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan bu awtomenzillere döwrebap ýolagçy awtoulaglary sowgat berildi. Olarda ýolagçylara şäher, şäherýaka hem-de şäherara ugurlar boýunça bökdençsiz, ýokary hilli hyzmat ediler.

Ýolagçy awtomenzilleriniň her biriniň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 700 ýolagça niýetlenip, olar ýurduň sebitleriniň arasynda üznüksiz awtobus, döwlet taksileriniň gatnawlaryny üpjün eder.

Desgalaryň esasy binalary iki gatdan ybarat bolup, Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny ýadyňa salýan sekiz burçly ýyldyz şekilinde ýerine ýetirildi. Olaryň üçekleriniň merkezlerini her welaýaty alamatlandyrýan milli haly gölleriniň şekili bezeýär. Ýolagçy awtomenzilleriniň desgalarynyň umumy meýdany 3 gektara barabardyr.

Her bir awtomenzil desgasynyň birinji gatynda 140 ýolagça niýetlenen garaşylýan zal, ýolagçylar üçin iki sany çykalga, sorag-jogap nokady, awtobus, demir ýol we howa gatnawlary üçin petek satyş kassalary, iş otaglary, goş saklanýan kamera, garbanyşhana, dermanhana, lukmançylyk otagy, aragatnaşyk otagy, dükanlar, market we hajathanalar ýerleşýär.

Desganyň esasy binasynyň içinde maglumat beriji dürli ölçegdäki jemi 6 sany LED ekranlar oturdyldy. Şeýle-de jemi 4 sany dürli ölçegdäki maglumat panosy we 1 sany onlaýn bilet üçin monoblok ýerleşdirilen.

Baş binanyň ikinji gatynda çagaly ýolagçylar üçin zal, çagalar üçin oýun meýdançasy, gözellik salony, kafe, kömekçi otaglar, eneler we çagalar otagy, erkekler we aýallar üçin namaz otaglary, tärethanalar, dükanlar we hajathanalar ýerleşýär.

Awtomenzil desgasynyň açyk awtoduralgalarynyň meýdany 2150 inedördül metre deň bolup, bir wagtyň özünde 100 sany ýeňil awtoulag üçin niýetlenendir. Üsti ýapyk duralgalaryň meýdany bolsa 2100 inedördül metre deň bolup, ol bir wagtyň özünde 112 sany taksi awtoulaglar üçin niýetlenendir.

Ýolagçy awtomenzilleriniň desgalary häzirki zaman ulag-kommunikasiýa desgalaryndan edilýän talaplara doly laýyk gelýär. Olarda awtobuslaryň hereketine gözegçilik edilişi, petekleriň alnyşy, döwrüň talabyna laýyklykda, sanly ulgam esasynda amala aşyrylýar.

Awtomenzilleriň bezeg aýratynlyklary barada aýratyn bellemek gerek. Olarda häzirki zaman binagärlik ýörelgeleri milli bezegler bilen utgaşdyrylypdyr. Ýagny awtomenzilleriň desgalarynda her welaýatyň özüne mahsus taryhy ýadygärlikleriň, haly gölleriniň şekilleri, şeýle-de içinden seredeniňde, binalaryň ýokarky böleginde zeýtun ýapraklaryna meňzedilen şekiller ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň