Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýeňil atletikaçy «Aziýanyň çagalary» sport oýunlarynda altyn medala mynasyp boldy, Azerbaýjan Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza bermekligi gaýtadan ýola goýdy

10:5902.08.2022
0
7569

1. Azerbaýjan 2022-nji ýylyň iýulyndan başlap, Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza bermekligi gaýtadan ýola goýdy. Elektron wizany almak üçin arza beriji elektron görnüşdäki arzany doldurmalydyr we oňa zerur bolan resminamalary goşmalydyr. Elektron wizany «ASAN Visa» onlaýn ulgamynda üç iş gününiň dowamynda resmileşdirip bilersiňiz.

2. «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti isleg bildirýänleri maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrýar. «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ÝGPJ Türkmenistanyň maýa goýum syýasatyny dünýä tejribesine laýyklykda ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Abu-Dabi ösüş gaznasy tarapyndan esaslandyryldy.

3. «Berkarar» söwda merkezindäki «LC Waikiki» haryt nyşanly egin-eşik dükany ähli tomusky egin-eşik toplumy üçin 30% çenli arzanladyş yglan edýär. Şeýle-de «Asman shop» diskont kartyny ulanyjylar üçin goşmaça 3% arzanladyş goşular. Arzanladyş 31-nji awgusta çenli dowam eder.

4. Gadymy döwürlerde ösümlik tohumlary adamyň kabul edýän iýmitiniň üçden bir bölegini düzýärdi. Olar ýokumlylygy, beloga, uglewoda we kletçatka baý bolmak bilen güýç we gujur berýärler, bedeni witaminler, makro hem-de mikroelementler bilen üpjün edýärler. Bu makalada gündelik kabul edýän iýmitiňiziň sanawyna goşmak hökmany bolan 7 sany ösümlik tohumy hakynda gürrüň bereris.

5. 2022-nji ýylyň oktýabrynda «Hazar – dostluk deňzi» atly halkara motosikl ýaryşy geçiriler. Ýaryşyň ugry Russiýanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň çäginden geçer. Motosikl ýaryşynyň 5-15-nji oktýabr aralygynda geçiriljekdigi, Astrahanda badalga alyp, Dagystanda tamamlanjakdygy çaklanylýar.

6. Türkmenistanyň iň iri mebel fabrigi bolan «Aýbölek» mebel fabrigi Gazagystanyň bilim edaralary üçin harytlaryň önümçilige başlar. Gazagystanyň iki sany umumybilim berýän orta mekdebine okuwçy partalary, oturgyçlar we beýleki mebel önümleri, şeýle hem «Aýbölek» mebel fabriginde öndürilen synp tagtalary iberiler.

7. Hindistanly aýal tokaýda bahasy takmynan $25 müň dollara deň bolan almaz tapdy. Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatynyň ýaşaýjysy tokaýa odun toplamak üçin gidipdi we adaty bolmadyk tapyndynyň üstünden bardy. Haçan-da Jenda Bai odun toplaýarka ýalpyldaýan daşa gözi kaklyşdy. Zergäriň pikiriçe, 4 karatlyk almazyň bahasy takmynan $25 müň dollara deňdir.

8. Stambul Halkara howa menzili Ýewropanyň iň köp gelim-gidimli howa menziline öwrüldi. «Eurocontrol-yň» hasaplamalaryna görä, 2022-nji 22-28-nji iýuly aralygynda howa menzilinde bir günüň dowamynda ortaça 1327 howa gatnawy amala aşyryldy. Şeýlelikde, Stambul howa menzili Parižiň Şarl-de-Goll we Amsterdamyň Shiphol howa menzillerinden hem öňe geçdi.

9. Türkmenistanly ýeňil atletikaçy Sabina Kasymjanowa «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara sport oýunlarynda 3000 metr aralyga ylgamak boýunça altyn medala mynasyp boldy. Ol russiýaly Polina Wýalowadan we özbegistanly Ruhşona Muhiddinowadan öňe saýlandy.

10. Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça 30-njy çempionaty badaga alar. Ýaryş 4 aýlaw tapgyry boýunça geçirilip, oňa 8 topar gatnaşar. 2-nji awgustdan 15-nji oktýabra çenli birinji we ikinji aýlaw tapgyrlarynyň duşuşyklary geçiriler. Üçünji we dördünji aýlaw tapgyrlarnyň duşuşyklary bolsa 18-nji oktýabrdan 20-nji dekabra çenli dowam eder. Umumylykda, toparlar özara jemi 112 duşuşyk geçirerler. Birinji tapgyrda Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyr» «Energetik» bilen duşuşar, wise-çempion «Ahal» bolsa «Nebitçi» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň