20-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary

10:5520.04.2024
0
11426

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görüp başlady, Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar, Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny wagyz etmek, dünýä ýaýmak boýunça kanunlaryň taslamalary taýýarlanýar we beýleki habarlar.

TÜRKMENISTANDA

1. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 19-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Resminama bilen, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

2. Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna taýýarlyk görülýär. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

3. Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, iş toparlary tarapyndan raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny goramak, öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleriniň dowam etdirilýändigi aýdyldy.

4. Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow ýurtda karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça geçirilen işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Ol döwlet Baştutanynyň garamagyna «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan «Internet bank» we «Mobil bank» ulgamlaryny ulanyşa girizmek baradaky teklibi hödürläp, olaryň mümkinçilikleri barada habar berdi.

5. «Ýyldyz» myhmanhanasynda 15 — 19-njy aprelde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işini tamamlady. Mejlisiň işiniň netijeleri boýunça gurama agza ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Maslahatyň dowamynda halkara demir ýol daşamalary ulgamyndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara demir ýol daşamalaryny, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnawlarda demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmegiň, bu ugurda ylalaşykly ulag syýasatyny kemala getirmegiň, halkara demir ýol ulagynda kadalaşdyryjy halkara hukuk şertnamalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylar demir ýol ulagynyň ykdysady, maglumat, ylmy-tehniki we ekologik ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça OSJD-ä agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň, ulagyň beýleki görnüşlerine görä, demir ýol ulagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatda çäreleri işläp taýýarlamagyň, demir ýollary ulanmak we halkara demir ýol arkaly daşamalary has-da ösdürmek bilen bagly tehniki meseleleri çözmekde, şeýle hem demir ýol ulagynyň meseleleri bilen meşgullanýan beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny bellediler.

DÜNÝÄDE

6. «Uber» kompaniýasy taksilerde ýolagçylaryň ýatdan çykarýan iň üýtgeşik zatlarynyň gyzykly sanawyny neşir etdi. Ýitirilen we tapylan indeksler, eşikler, çemodanlar we enjamlar ýaly adaty zatlar bilen birlikde täsin ýitgileriň sanawy beýan edilýär. Iň gyzykly tapyndylaryň arasynda — janly pyşbaga, atalyk testi, syçanyň skeleti, möýli gaplar we hatda ustrisalardan doly gutular bar. Olardan aýratynam, Teýlor Swiftiň awtografy we öý roboty tapawutlanýar. Adamlar şeýle zatlary ýitirýän hem bolsalar, adatça, köplenç tanyş zatlary ýitirýärler — smartfonlar, planşetler, şaý-sepler we gapjyklar.

SPORT TÄZELIKLERI

7. Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň final tapgyrynda ýer eýeleri «Galkan» bilen Tatarystan Respublikasynyň «Orhis-Kazan» topary bäsleşer. 3-nji baýrakly orun üçin bolsa «Feniks» we «Wolat» toparlary güýç synanyşarlar. Bu «A» we «B» toparlaryň jemleýji duşuşyklarynyň esasynda kesgitlenildi. Final we 3-nji orun üçin boljak oýunlar Aşgabadyň Gyşky sport oýunlary toplumynda 20-nji aprelde geçiriler.

8. Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň ýaş wekilleri 19 ― 28-nji aprel aralygynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky çempionatyna gatnaşmak üçin Täjigistanyň Duşenbe şäherine bardy. Bu abraýly ýaryşa Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ― Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary gatnaşar. Ýaryşy bir aýlaw görnüşinde geçirmek meýilleşdirilýär. Çempion toplanan utuklar bilen kesgitleniler.

9. Türkmenistanyň futzal topary faşizme garşy gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dostlukly ýaryşa gatnaşmak üçin Minsk şäherine bardy. Topar eýýäm bazada ýerleşdi we ilkinji türgenleşiklerini geçirdi. 20-nji we 22-nji aprelde türkmen topary Belarusuň milli ýygyndysy, 23-nji aprelde bolsa milli çempionatyň bürünç medalynyň eýesi «Minsk» futzal topary bilen duşuşyk geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň