Türkmenistanyň 30-njy ― ýubileý futbol çempionatyna badalga berler

12:4701.08.2022
0
4384

30-njy gezek geçiriljek Türkmenistanyň futbol çempionatyna sişenbe güni ― 2-nji awgustda badalga berler.

Sekiz toparyň gatnaşmagynda geçiriljek ýaryş dört aýlawdan ybarat bolar. Toparlaryň üçüsi ― «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» paýtagta wekilçilik edýär. Şeýle hem Balkanabat şäherinde «Nebitçi», Türkmenbaşydan «Şagadam», Mary welaýatyndan «Merw» hem-de «Energetik», Ahal welaýatyndan bolsa «Ahal» toparlary çempionlyk göreşine goşular.

Möwsümiň deň ýarysy ― iki aýlaw 15-nji oktýabrda tamamlanar. 18-nji oktýabrdan 20-nji dekabr aralygynda möwsümiň galan ýarysynyň duşuşyklary geçiriler.

1-nji tapgyrda häzirki çempion «Altyn asyr» Marynyň «Energetigini» kabul eder. Ýurduň wise-çempiony «Ahal» bolsa «Nebitçi» bilen duşuşar. Şeýle hem täze möwsümiň açylyş tapgyrynda «Köpetdag» ― «Merw», «Şagadam» ― «Aşgabat» duşuşyklary geçiriler.

20-nji dekabra çenli dowam etjek ýaryşda ýurduň iň gowy futbol topary kesgitlener we ol 2023-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna goşulmaga hukuk gazanar. Türkmenistanyň wise-çempiony bilen Kubok ýaryşynyň ýeňijisi bolsa yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda ― AFK-nyň kubogynda güýjüni synar. Eger şol bir topar hem Türkmenistanyň çempiony, hem Kubogyň eýesi bolup bilse, çempionlyk ýaryşynda bürünç medal gazanan topara-da yklym ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik dörär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň