Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi

11:3128.07.2022
0
18865

Şoňa laýyklykda kanunda ulanylýan esasy düşünjeler «ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň we ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň kor­rup­si­ýa gar­şy bi­ler­men­ler sel­jer­me­si» we «kor­rup­sio­gen ka­da­lar» bilen üsti ýetirildi.

Ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň we ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň kor­rup­si­ýa gar­şy bi­ler­men­ler sel­jer­me­si — ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ryn­da we ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ryn­da kor­rup­siogen ka­da­la­ry ýü­ze çy­kar­mak we ara­dan aýyr­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän seljer­me.

Kor­rup­sio­gen ka­da­lar — hu­kuk ula­ny­jy üçin ga­ra­ma­gyň esas­syz giň çäkle­ri­ni bel­le­ýän ýa-da umu­my düz­gün­ler­den çyk­ma­la­ryň esas­syz ula­nyl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­red­ýän, şeý­le hem fi­zi­ki we ýu­ri­dik şahs­la­ra bil­di­ril­ýän takyk kesgit­len­me­dik, ber­jaý edil­me­gi kyn we kynçylyklary döredýän ta­lap­la­ry özün­de jem­le­ýän hem-de kor­rup­si­ýa bi­len bag­ly hu­kuk bo­zul­ma­la­ry üçin şert­le­ri dö­re­dip bil­jek ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň we ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň düzgünleri.

Bu girizilen goşmaçalar şu gün «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler hökmünde «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň