Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, ABŞ-nyň öňki prezidenti Jimmi Karteriň aradan çykandygy zerarly gynanç bildiriş kitabynda ýazgy galdyrdy.
9-njy ýanwarda ABŞ-da ozalky prezident Jimmi Karteriň aradan çykmagy bilen baglanyşykly milli ýas güni yglan edildi. Şu gün Waşingtonda Jimmi Karteriň Döwlet jaýlamak ýas çäresi geçiriler.
30 günüň dowamynda ýurduň çägindäki we daşyndaky döwlet edaralarynda, şol sanda diplomatik wekilhanalarda ABŞ-nyň baýdaklary aşak goýberiler.
ABŞ-nyň 39-njy prezidenti Jimmi Karter 2024-nji ýylyň 29-njy dekabrynda 100 ýaşynda aradan çykdy. Ol 1977-1981-nji ýyllarda ýurda ýolbaşçylyk edipdi.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy öz sosial ulgamlarynda hepdäniň dowamynda ilçihana gelip, aradan çykan öňki prezidente hormat goýanlaryň ählisine hoşallygyny bildirdi.