Şu gün Türkmenistanda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» täze Kanun güýje girdi. Kanun türkmen dilinde «Türkmenistan» we rus dilinde «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde çap edildi. Täze Kanun jemi 9 bapdan, 42 maddadan ybarat.
Itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu esasy ýörelgelere esaslanýar:
1) döwlet syýasatynyň maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, itçilik we kinologiýa işi babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek;
2) itçilik we kinologiýa işi babatda hünärli işgärler bilen üpjün etmek;
3) itleriň aýry-aýry tohumlaryna halkara we daşary ýurt standartlarynyň Türkmenistanyň çäginde hereket etmegini togtatmak ýa-da gadagan etmek;
4) türkmen alabaý itlerini we beýleki tohum itleri degişlilikde Döwlet tohumçylyk kitabynda we Tohum itleriň döwlet sanawynda hasaba alynmagyny üpjün etmek;
5) türkmen alabaý itlerinden we türkmen tazy tohum itlerinden başga itleriň hilini gowulandyrmak maksady bilen, jynsy tarapdan çaknyşdyrmaklyga degişli bolan itleriň tohumlaryny kesgitlemek;
6) tohum itçiligini döwlet tarapyndan höweslendirmek, itleriň seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran tohumlarynyň genofonduny gorap saklamak;
7) itleriň saglygynyň kadaly ýagdaýda bolmagy üçin zerur bolan şertleri döretmek we degişli weterinariýa hyzmatlaryny üpjün etmek;
8) itçilik we kinologiýa işi babatda ekologiýa, zootehniki hem-de weterinar-sanitariýa talaplaryny berjaý etmek;
9) itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, bu çygyrda bellenilen düzgünleriň we kadalaryň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini üpjün etmek;
10) itçilik we kinologiýa işi babatda halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak.
Täze Kanun itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum itleriň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem itler köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.