Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

12:2524.06.2025
0
21478

4-nji iýulda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Çäre sagat 09:00-dan 12:00-a çenli S. Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaý salgysynda geçiriler.

Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresiniň gurnaýjylary hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilaty iş bilen üpjün ediş müdirligi çykyş edýär.

Bu çäre paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermäge we iş berijilere özlerine gerek bolan hünärmenleri tapmaga mümkinçilik döretmäge gönükdirilendir. Oňa işçi güýji zerur bolan kärhanalar, guramalar, edaralar we hususy telekeçiler gatnaşmaga çagyrylýar.

Iş berijileriň wekilleri bu çärä boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen gatnaşmalydyrlar we öz wekilleriniň gatnaşygyny üpjün etmelidirler. Işe girmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, zähmet kitapçasy (eger bar bolsa) we hünär derejesini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidirler.

Goşmaça maglumatlary almak üçin aşakdaky telefonlar boýunça ýüz tutup bolar:

  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy (S. Türkmenbaşy şaýoly, jaý) — telefony: 22-74-07
  • Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilaty iş bilen üpjün ediş müdirliginiň iş bilen üpjünçilik bölümi (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň edara binasynda) — telefony: 39-34-56.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň